HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Katrin Denýow – 80 ýaşynda we ol henizem kino asmanynda

Oktýabr 22, 2023 | 20:49 |5622
Ähli döwürleriň iň ajaýyň fransuz kino ýyldyzlaryndna biri bolan Katrin Denýow bu gün 80 ýaşaýar. Siz ony nahilli bellärsiňiz? «Bu meni gyzyklandyrmaýar», — diýip ol, 4-nji oktýabrda Fransiýada ilkinji görkezilşi geçirilen, Fransiýanyň öňki Prezidenti Žak Şirakyň aýaly hakyndaky «Bernadett» filminiň – özüniň soňky filminiň goýberilmeginde Paris Match žurnalyna jogap berdi.Ähli döwürleriň iň ajaýyň fransuz kino ýyldyzlaryndna biri bolan Katrin Denýow bu gün 80 ýaşaýar. Siz ony nahilli bellärsiňiz? «Bu meni gyzyklandyrmaýar», — diýip ol, 4-nji oktýabrda Fransiýada ilkinji görkezilşi geçirilen, Fransiýanyň öňki Prezidenti Žak Şirakyň aýaly hakyndaky «Bernadett» filminiň – özüniň soňky filminiň goýberilmeginde Paris Match žurnalyna jogap berdi.
Çeşme: lanacion.com

Ähli döwürleriň iň ajaýyň fransuz kino ýyldyzlaryndna biri bolan Katrin Denýow bu gün 80 ýaşaýar. Siz ony nahilli bellärsiňiz? «Bu meni gyzyklandyrmaýar», — diýip ol, 4-nji oktýabrda Fransiýada ilkinji görkezilşi geçirilen, Fransiýanyň öňki Prezidenti Žak Şirakyň aýaly hakyndaky «Bernadett» filminiň – özüniň soňky filminiň goýberilmeginde Paris Match žurnalyna jogap berdi.

34535.jpg

Altmyş ýylyň dowamynda ol 150-ä golaý filme düşip, iki «Sezary», Kann baýragyny we beýleki kino baýraklaryny, şeýle hem Oskar gazandy.

Katrin Fabýen Dorleak 1943-nji ýylda Parižde doguldy. Ol Denýow diýip sahna adyny aldy. Bu onuň ejesim aktrisa Rene Žanna Denýowyň (Rene Simono ady bilen has meşhur bolan we 2021-nji ýylda 109 ýaşynda aradan çykan) gyzlyk familiýasydy.

3 (1).jpg

«Men Dorleak (...) bolmagy halaýaryn. «Denýowy hakykatdanam halamaýaryn», — diýip aktrisa bir aý öň söhbetdeşlikde aýtdy we ol ýaňy kino düşmäge başlan wagtlary onuň dogany Fransuaza Dorleagyň eýýäm aktrisadygyny ýatlatdy. Ejesi gyzlaryna iki sany Dorleak aktrisanyň bolmaly däldigini aýdypdy. Fransuaza 1967-nji ýylda ýol heläkçiliginde aradan çykdy.

Katrin Denýowyň karýerasynyň başlangyjy bolan «Şerbursk saýawanlary» filmi 1964-nji ýylda çykdy. Ondan soň Polanski «Ýigrenç» we «Roşforyň gyzlary» filmleri çykdyp, ol onda dogany bilen gabat geldi. Ýöne 1967-nji ýylda Luis Bnýueliň ony beýgelden «Dnewiň gözeli» filmi çykdy. Şol döwürler ol bagtyny Golliwudda synap gördi. Ol elmydama onuň Žanna Moro ýa-da Brijit Bardo ýaly fransyz gözellerine haýran galýardy.

4 (1).jpg

Seýrek bagty duýgurlyk, kämahallar buzly, kämahallar bosa ýakymly lowurdy bilen drama, tragediýa we romantika keşplerini gezekleşdirip, ol görnükli filmografiýany gurdy. Tankytçylar, aktrisanyň öz keşpleriniň köplügi bilen gatyşyp bilme ukyby sebäpli onuň täsin zehini hameleonyňky diýip atlandyrýardylar.

Ol diňe bir fransuz kinosynyň ikonasy bolman, eýsem modanyň hem ikonasy. Sebabi ol modelýer Iw Sen-Loranyň ylhamy bolup, 1985-nji ýyldan onuň ýüzi Fransiýa respublikasynyň milli nyşany Mariannanyň şekli üçin ulanyldy.

Ýöne oňa fransyz ikonasy diýilýäni ony biynjalyk edýär we häzir 80 ýaşynda, Bernadett Şirak hakynda biografiki filme surata düşenden soň ol: «Meniň durmuşym hakynda kinoda gürrüň berilmegini men hiç islemezdim» diýýär.

5.png

Ol şahsy durmuşynda 1965-1971-nji ýyllarda iňlis fotosuratçy Dewid Beýlä durmuşa çykypdy. Ondan öň onuň kinorežissýor Rojer Wadim bilen gatnaşygy bardy we 1963-nji ýylda onuň Kristian atly ogly boldy. 1972-nji ýylda bolsa Marçello Mastroýaniden Kýara atly gyzy boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026