Hytaýda awtobuslar meşhur toý ulagy boldy


Hytaýda awtobuslar meşhur toý ulagyna öwrülýär. Bu ýurduň ýaş çatynjalary bagt gününde gymmat bahaly awtoulaglara derek, hytaý däplerine görä we şarlar bilen bezelen awtobuslary kireýine almagy kem görenoklar. Bu täze ýörelge diňe bir pul tygşytlaman, toý gününe aýratyn şatlyk hem bagyşlaýar.
Soňky döwürde ýaş çatynjalaryň toý gününde awtobusda gezelenç etmeklerini görkezýän suratlaryň sosial ulgamlarda giňden ýaýramagy ýaşlaryň arasynda toý etmegiň täze ýörelgesini döretdi. Hytaý däbine görä, öýlenýän oglan gelnini alyp gaýtmak üçin onuň atasy öýüne birnäçe awtoulag ugratmaly bolýar we olaryň sany näçe köp bolsa, şonça gowy hasaplanýar. Häzir durmuş toýuny edýän ýaş çatynjalaryň köpüsi bu däpden saplanyp, has bähbitli we ekologiýa taýdan arassa täze ýörlegäni saýlanlaryny kem görenoklar.
Hytaýyň käbir şäherlerinde toý üçin awtobuslary kireýine almak üçin ýörite hyzmatlar hem hödürlenýär. Mysal üçin, Şandun sebitindäki Ýantaý şäherinde ýörite bezelen 30 adamlyk awtobusy 3 müň ýuana (410 dollar) kireýine alyp bolýar. Goşmaça töleg etseň, hatda 2 gatly awtobusy hem kireýine almak mümkin.
Bilermenleriň bellemegine görä, Hytaýyň ýaşlary indi gurplulygy görkezýän gymmat bahaly toýlara däl-de, ýönekeýlige ymtylýarlar.
ORIENT news








