HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Fransuz mekdebiniň howlusynda ýene «Uly kir ýuwulşyk» boldy

Oktýabr 22, 2023 | 19:22 |8208
Däp bolşy ýaly, her ýyl geçirilýän bu aksiýa güni Aşgabat şäherindäki MLF (Mission laïque française) fransuz mekdebiniň howlusynda ýüp çekilip, onda okuwçylar öz suratlaryny, kollažlaryny we applikasiýalaryny asdylar. Bu gezek ähli işler «Suw bilen ýa-da suwsuz» mowzugy bilen birleşdi we her birimizi suwy tygşytly we paýhasly ulanmak, daşky gurşaw meseleleri, global ýylylyk we planetanyň suw baýlyklarynyň hapalanmagy barada oýlanmaga çagyrdy.Däp bolşy ýaly, her ýyl geçirilýän bu aksiýa güni Aşgabat şäherindäki MLF (Mission laïque française) fransuz mekdebiniň howlusynda ýüp çekilip, onda okuwçylar öz suratlaryny, kollažlaryny we applikasiýalaryny asdylar. Bu gezek ähli işler «Suw bilen ýa-da suwsuz» mowzugy bilen birleşdi we her birimizi suwy tygşytly we paýhasly ulanmak, daşky gurşaw meseleleri, global ýylylyk we planetanyň suw baýlyklarynyň hapalanmagy barada oýlanmaga çagyrdy.
Çeşme: orient.tm

Däp bolşy ýaly, her ýyl geçirilýän bu aksiýa güni Aşgabat şäherindäki MLF (Mission laïque française) fransuz mekdebiniň howlusynda ýüp çekilip, onda okuwçylar öz suratlaryny, kollažlaryny we applikasiýalaryny asdylar. Bu gezek ähli işler «Suw bilen ýa-da suwsuz» mowzugy bilen birleşdi we her birimizi suwy tygşytly we paýhasly ulanmak, daşky gurşaw meseleleri, global ýylylyk we planetanyň suw baýlyklarynyň hapalanmagy barada oýlanmaga çagyrdy.

1.jpg

Okuwçylar bu mowzuga çaga ýaly sadalyk we şol bir wagtyň özünde jogapkärçilikli we döredijilikli çemeleşdiler. Mekdebiň iň ýaş okuwçylary bir tarapynda suwsuz çöl, guran agaçlar we sary ýapraklar, beýleki tarapdan bolsa açyk ýaşyl öwüsýän ýaşyllyklar we owadan güller bolýan uly göwrümli (3D effektli ýaly!) applikasiýalary ýerine ýetirdiler. Bu iki dünýäniň haýsysynda suw bilen ýa-da suwsyz ýaşarys? Hemme zat özümize bagly.

Başlangyç synp okuwçylary öz eserlerinde älemgoşaryň we daş-töweregimizdäki dünýäniň näderejede ajaýyp bolup biljekdigini, dürli ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tebigatyň nähili ajaýypdygyny görkezdiler. Okuwçylar işlerinde reňk derejesini, şeýle hem kagyzdan kesilen şekil ters fonda goýlanda siluet usuly bilen ulandylar.

2.jpg

Ýokary synp okuwçylary döredijilik işine örän oýlanyşykly çemeleşdiler. Olaryň işine seretseň, «suw ýaşaýyşdyr» diýen meşhur söz bilen akyl taýdan ylalaşýarsyň. Plakatlar sizi pikirlenmäge mejbur edýär: ine, bir wagtlar owadan ada, altyn balygyň ýerine hapa galyndylar ýüzýär. Ýa-da, ynha, suwly näzik akwarium görnüşindäki planetamyzyň şekili. Adamyň aladaly ellerinde ol döwülmez. Ýöne ine, dünýädäki ähli zatlara ýaşaýyş berýän suwyň simwoliki damjasy akýan «jennet suw geçirijisi» …

3.jpg

Çagalaryň ulylaryň möhüm meseleleri barada gürrüň berýän suratlary, daşky gurşawa hormat goýmak meselelerine biperwaý garamaýanlaryň hemmesinde seslenme döretdi. Aşgabatdaky MLF mekdebiniň okuwçylarynyň indi birnäçe ýyl bäri halkara «Uly kir ýuwulşyk» kampaniýasyna gatnaşýandygyny bellemelidiris. Okuwçylar ýylda iki gezek geçirilýän sergi üçin her gezek öz işlerini içgin pikirlenýärler.

Suratkeş Joelle Gontier tarapyndan 2006-njy ýylda açylan halkara sungat gurnamasy häzirki wagtda bäş yklymyň 130 ýurdundan 13 million adamy birleşdirýär. Aksiýanyň geçirilýän güni meýdançalarda, köçelerde we howlularda ýüpler çekilip, oňa suratlar, fotosuratlar we applikasiýalar asylýar. Her aksiýanyň möhüm we wajyp meselelere degýän kesgitli mowzugy bar. Mysal üçin, geçen ýazda geçirilen sergi «Meniň öýüm – seniň öýüň» diýlip atlandyryldy. Indiki «Uly kir ýuwulşyk» 2024-nji ýylyň ýazynda bolar.

4.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026