Habarlar

Türkmenistan ýurduň agrosenagat toplumynyň zerurlyklary üçin Özbegistandan fosforit ununy satyn alarTürkmenistan ýurduň agrosenagat toplumynyň zerurlyklary üçin Özbegistandan fosforit ununy satyn alar

Türkmenistan ýurduň agrosenagat toplumynyň zerurlyklary üçin Özbegistandan fosforit ununy satyn alar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni Özbegistan Respublikasynyň “Navoiy Milling” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen fosforit ununy satyn almak barada şertnamany baglaşar. Bu barada degişli Karara geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi – diýlip, TDH döwlet agentligi habar berýär.

BMGÖM we Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň taslamasynyň çäginde aktiwistler Aşgabatda 90 tonna plastik galyndylaryny gaýtadan işlemäge tabşyrdylarBMGÖM we Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň taslamasynyň çäginde aktiwistler Aşgabatda 90 tonna plastik galyndylaryny gaýtadan işlemäge tabşyrdylar

BMGÖM we Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň taslamasynyň çäginde aktiwistler Aşgabatda 90 tonna plastik galyndylaryny gaýtadan işlemäge tabşyrdylar

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň we BMGÖM-iň başlangyjy bilen synag taslamasynyň iki tapgyrynyň dowamynda Aşgabatda 90 tonnadan gowrak plastik galyndylar sortlaşdyryldy we gaýtadan işlenildi – diýip, BMGÖM-nyň biziň ýurdumyzdaky hemişelik wekili Narine Saakýan «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetine beren interwýusynda gürrüň berdi.

Türkmen parlamentarileri Samarkantda GDA-nyň PAA Geňeşiniň mejlisine gatnaşdylarTürkmen parlamentarileri Samarkantda GDA-nyň PAA Geňeşiniň mejlisine gatnaşdylar

Türkmen parlamentarileri Samarkantda GDA-nyň PAA Geňeşiniň mejlisine gatnaşdylar

Mejlisiň – milli parlamentiň aşaky palatasynyň başlygy Gülşat Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 27-28-nji oktýabrda Samarkantda iş saparynda bolup, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara assambleýasynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisiniň işine hem-de forumyň çäklerindäki çärelere gatnaşdy. Bu barada anna güni Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Täze döwür energetikasy: Içerki we sebitleýin ösüşiň geljegiTäze döwür energetikasy: Içerki we sebitleýin ösüşiň geljegi

Täze döwür energetikasy: Içerki we sebitleýin ösüşiň geljegi

26-njy oktýabrdan 28-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022” atly XXVII halkara maslahaty öz işini tamamlady. Foruma gatnaşyjylar konstruktiw we netijeli pikir alyşdylar, çäräniň maksatnamasy ykdysadyýetiň, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň, ekologiýanyň we halkara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleriniň ähli ugurlaryny öz içine aldy.