Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezi Halkara Tehnoparklar Assosiasiýasyna goşuldy


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezi Halkara Tehnoparklar we innowasiýa ösüş zolaklarynyň birleşmesiniň (IASP) agzasy boldy, bu barada hökümetiň ylym meselelerine jogap berýän wise-premýeri Nurmuhammet Amannepesow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde aýtdy – diýip, TDH gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezini birleşigiň agzasy hökmünde kabul etmek baradaky karar Ispaniýada geçirilen IASP-nyň 39-njy Bütindünýä maslahatynda kabul edildi.
IASP-nyň wezipesi – dünýädäki ylym merkezleriniň öňdebaryjy hünärmenleriniň arasynda netijeli özara gatnaşyklary guramak we birleşigiň agzalarynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşýan hyzmatlary bermekden ybaratdyr.
Şeýle hem, wise-premýer Amannepesow Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezinde internet arkaly ýaýradylmagy meýilleşdirilýän «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» elektron ylmy we amaly žurnalyň döredilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu neşir umumy ylmy jemgyýeti türkmen alymlarynyň gazananlary we innowasiýa ösüşleri bilen tanyşdyrmaga ýardam etmelidir.
ORIENT news
Redaksiýa arhiwinden surat








