“Hybrid Innovation” kompaniýasy Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda şertnama baglaşdy


“Türkmennebit” Döwlet konserni we Germaniýanyň Hybrid Innovation GmbH kompaniýasy Aşgabatda geçirilen "Türkmenistanyň nebiti we gazy" atly halkara forumynyň çäginde şertnama baglaşdylar.

Resminama gol çekmek dabarasy onlaýn ýagdaýda geçirildi. Şertnama laýyklykda, umumy bahasy 6 million ýewrodan gowrak tehnologik enjamlar satyn alnar.
Kompaniýa Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyny enjamlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar, zawodlaryň we kärhanalaryň enjamlary pudagyndaky meseleleri çözmegiň iň döwrebap usullaryny hödürleýär.

Kompaniýanyň esasy işi ýurduň nebit-gaz we nebithimiýa toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga niýetlenen innowasion energiýa tygşytlaýjy tehniki ulgamlary bilen üpjün etmekdir.

“Türkmennebit” Döwlet konserni Dragon Oil we Shandong kerui petroleum ýaly birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen hem şertnamalary baglaşdy.
ORIENT news








