Täze döwür energetikasy: Içerki we sebitleýin ösüşiň geljegi


26-njy oktýabrdan 28-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022” atly XXVII halkara maslahaty öz işini tamamlady. Foruma gatnaşyjylar konstruktiw we netijeli pikir alyşdylar, çäräniň maksatnamasy ykdysadyýetiň, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň, ekologiýanyň we halkara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleriniň ähli ugurlaryny öz içine aldy.
Aşgabat konferensiýasynda ara alnyp maslahatlaşylan energetika mowzuklary Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-2028-nji ýyllar üçin ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet maksatnamasynda kesgitlenen meseleleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Çykyş edenleriň köpüsi Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýangyç-energetika pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, dünýäniň energo ulgamyna netijeli integrirlenmegine gönükdirilendigini bellediler.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow hem öz çykyşynda bu meseläni agzap geçdi. Hususan-da, ol: “türkmen ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudaklaryndan biri bolan energetikanyň ýurduň jemi içerki önüminde (JIÖ) we Türkmenistanyň eksportynda (80% töweregi) möhüm orny eýeleýändigini belläp geçdi. Bularyň hemmesi ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ösdürmäge we energiýa çeşmeleriniň önümçiligini, gaýtadan işlenişini we eksportyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri göwrümli taslamalaryň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy” – diýip, belläp geçdi.
Forumyň mejlislerinde çykyş edenler nebit we gaz turbageçirijilerini gurmak, täze nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, şeýle hem ugurdaş infrastrukturanyň we hyzmatlar ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistany energetika taýdan öňdebaryjy döwletleriň hataryna çykarandygyny aýtdylar.

Ýurtda çig maly çykarmak, uglewodorod ätiýaçlyklaryny özleşdirmek, iri turbageçirijileri we ulag kommunikasiýalaryny gurmak, energiýa ulgamlaryny ösdürmek boýunça taslamalara içerki we daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertler döredilýär.
"Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan" (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebit we halkara ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsirini ýetirer. Turbageçirijiniň umumy uzynlygy 1800 kilometrden gowrak bolup, TOPH-yň türkmen “şahamçasynyň” gurluşyk işleri eýýäm doly tamamlandy. Täze gaz "arteriýasynyň" işe girizilmegi geljekde sebitiň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrmaga we bu ugurda köp ýurtlaryň durmuş infrastrukturasyny gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Aşgabat maslahatynda çykyş edenleriň belläp geçişi ýaly, energetika pudagyndaky giň we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň XXI asyrda dünýä ösüşiniň durnukly we yzygiderli hereketiniň ileri tutulýan ýagdaýy bolup durýandygy bilen şertlendirilendir. Onuň täze ýörelgeleri häzirki zaman ählumumy energetiki giňişligiň kemala gelmegi üçin binýat bolmalydyr. Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň howpsuzlygy we durnuklylygy köp babatda dünýä ösüşiniň uzak möhletleýin geljeginiň umumy ugruny kesgitlär.

Energiýa serişdelerini öndürmek, olary daşamak we ahyrky netijede peýdalanmak meselelerini öz içine alýan bitewi energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şu hili toplumlaýyn çemeleşme Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasyny düzýär, ýurduň bu pudaga degişli teklipleriniň we anyk işleriniň mazmunyny we ugruny keskitleýär.
Bu mowzuk boýunça dürli halkara platformalarda, şol sanda BMG-nyň çäginde aragatnaşyk has ähmiýetli bolýar. Hususan-da, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň soňky 77-nji mejlisinde Türkmenistan BMG-nyň energiýa serişdeleriniň durnukly, ygtybarly üstaşyr iberilmegini düzgünleşdirmek boýunça häzirkizaman halkara hukuk guralyny işläp taýýarlamak üçin açyk düzümli halkara bilermenler toparyny döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmek boýunça işleri çaltlaşdyrmagy teklip etdi.
Şeýle hem, BMG-nyň howandarlygynda pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça global strategiýany işläp düzmek we täze döwrüň energiýasy diýlip atlandyrylýan wodorod energiýasyny ösdürmek üçin halkara “ýol kartasyny” taýýarlamagy teklip edildi. Ol özünde adaty we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşini birleşdirýär.
Soňky ýyllarda “Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy” we “Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakyndaky” Türkmenistanyň täze kanuny kabul edildi. Şeýle-de, Global Metan başlangyjyna goşulmagyň mümkinçiligi we zerurlygy hem öwrenilýär.
ORIENT news








