Moskwada Daşary işler ministrliginiň derejesinde rus-türkmen geňeşmeleriniň tapgyry geçirildi


28-nji oktýabr, anna güni Moskwada Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde rus-türkmen geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Duşuşygyň mowzugy – täze wehimlere we howplara garşy göreşmek, terrorçylyga garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygy. Rus wekiliýetine ministriň orunbasary Oleg Syromolotow, türkmen delegasiýasyna bolsa ministriň orunbasary Wepa Hajyýew ýolbaşçylyk etdi.
– Gepleşikleriň dowamynda global we sebitleýin howplaryň fonunda halkara terrorçylygyna we ekstremizme garşy göreşde hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi, taraplar howpsuzlyk ulgamynda derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk wehimlerine garşy göreşmek boýunça öňüni alyş hereketleriniň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşdylar we BMG we onuň Howpsuzlyk Geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň derejesine seredip geçdiler – diýlip, RF-nyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Taraplar daşary ýurtly terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek we neşe serişdeleriniň bikakun ýaýradylmagyna garşy göreşmek üçin tagallalary birikdirmegiň zerurdygyny nygtap geçdiler.
Geňeşmeleriň çäginde GDA-na agza döwletleriň, THŞG-nyň we ŞHG-nyň Merkezi Aziýa sebitindäki howpsuzlyga abanýan howplara garşy göreşmekdäki bilelikdäki tagallalarynyň oňyn roly barada durlup geçildi.
– Geňeşmeler deňhukukly, ynamdar dialog ruhunda geçirildi we Russiýa bilen Türkmenistany birleşdirýän strategik hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna itergi berdi – diýlip, habarda aýdylýar.
ORIENT news
Foto: mid.ru








