Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçysy maýadarlary Türkmenistanyň "ýaşyl" taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow daşary ýurtly maýadarlarlary Türkmenistanda "ýaşyl" taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrdy.
OGT-2022 halkara forumynda “Täze döwrüň energiýasy: Içerki we sebitleýin ösüşiň geljegi” diýen mowzuk boýunça eden çykyşynda ol Türkmenistanyň senagat zyňyndylarynyň atmosfera ýaramaz täsiri baradaky aladalary doly paýlaşýandygyny we ekologiýa howplaryny azaltmak boýunça halkara tagallalaryň netijeli utgaşdyrylmagyny goldaýandygyny aýtdy.
Jepbarow gaýtadan dikeldilýän energiýa, energiýa netijelilik, elektroenergiýany akumulirlemek we beýleki ugurlar boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň tagallalary barada gysgaça gürrüň berdi.
Bankyň başlygy Türkmenistanyň wodorod energetikasy babatynda münkinçilikleriniň bardygyny, ýagny eksport üçin ösen ulag ulgamynyň we iň esasysy - çig mal gorunyň, tebigy gaz we nebit gorlarynyň uludygyny aýtdy. Bu pudagyň ösüşi “ýaşyl” ykdysadyýete geçmegi çaltlaşdyrar we uglerod bitaraplygy boýunça global maksada ýetmekde ýurduň goşandyny artdyrar.

Ýurtda wodorod senagatyny döretmek üçin önümçilik infrastrukturasyna uly maliýe maýa goýumlary zerurdyr. Türkmenistan bu işe daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň, şeýle hem, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça Halkara agentliginiň wodorod energiýasy boýunça ofisini özünde açmagyň üstünde işleýär.
Jepbarow tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň we 432 megawatt kuwwatlylygy bolan gaz turbinaly elektrik bekediniň gurluşygyny Türkmenistanyň iri halkara tehnologik kompaniýalary bilen uglerody azaltmak ugrundaky üstünlikli hyzmatdaşlygynyň mysaly diýip atlandyrdy. Bu taslamalary durmuşa geçirmäge Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň we NEKSI eksport-karz agentliginiň hasabyna maliýeleşdirilen beýleki guramalaryň karz serişdeleri çekildi.
Geçen ýylyň iýul aýynda Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen 10 megawattlyk gibrid gün-ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin karz şertnamasy baglaşyldy. Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalarynyň hödürläp biljek beýleki geljegi uly "ýaşyl" taslamalaryna garamaga taýýardyr.
ORIENT news








