Habarlar

Türkmenistanyň şäherlerinde çagalar meýdançalary üçin ýurtda öndürilen oýun toplumlary peýda bolarTürkmenistanyň şäherlerinde çagalar meýdançalary üçin ýurtda öndürilen oýun toplumlary peýda bolar

Türkmenistanyň şäherlerinde çagalar meýdançalary üçin ýurtda öndürilen oýun toplumlary peýda bolar

Ýaşaýyş toplumlarynda ýerleşýän çagalar meýdançalary eýýäm adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu täze jaýlaryň, taslamalary çagalar üçin amatly oýun meýdançalaryny döretmegi göz öňünde tutýan ýaşaýyş toplumlarynyň işjeň gurulmagy bilen baglanyşykly. Şeýle hem, ýurtda köne meýdançalary çagalaryň beden taýdan ösüşine gönükdirilen täze döwrebap meýdançalara çalyşmak maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

Gazagystanda MA-nyň ýurtlarynyň bilermenleri tokaýlaryň we “ýaşyl” guşaklyklaryň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylarGazagystanda MA-nyň ýurtlarynyň bilermenleri tokaýlaryň we “ýaşyl” guşaklyklaryň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Gazagystanda MA-nyň ýurtlarynyň bilermenleri tokaýlaryň we “ýaşyl” guşaklyklaryň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Gazagystanyň Almaty şäheri şu günler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Günorta Koreýanyň wekiliýetlerini kabul etdi. Olar Gazagystana Aziýanyň tokaý hyzmatdaşlygy guramasynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin ýygnandylar. Forumy geçirmek başlangyjy bilen Koreýanyň Tokaý gullugy çykyş edip, ýurtlar tarapyndan 2013-nji ýylyň oktýabrynda gol çekilen Tokaý senagatynda özara hereketler hakynda ähtnamanyň çäklerinde maslahaty gurady diýip, koreý habar beriş çeşmeleri ýazýarlar.

Türkmen alabaýyna bagyşlanan sergi: saýlanan eserlerTürkmen alabaýyna bagyşlanan sergi: saýlanan eserler

Türkmen alabaýyna bagyşlanan sergi: saýlanan eserler

Alabaý iti — türkmenleriň buýsanjy, baý taryhly türkmen halkynyň müňýyllyklara uzap gidýän wepaly ýoldaşy. Ýurdumyň iri orta aziýa goýun iti bütin dünýäniň tanymal hem ady belli itşynaslarynyň hemişe üns merkezinde bolup gelýändigi hemmelere mälimdir, olar şu tohumyndan bolan itleri öz «toplumyna» goşmagyň arzuwdadyrlar. Ýöne türkmen alabaý itleri döwlet tarapyndan milli gymmatlyk derejesine girizildi we olaryň ýurtdan çykarylmagy berk gözegçilikde saklanýar. Bu öz-özünden düşnükli zat: üýtgeşik beden gurluşy we adatdan daşary häsiýetnamalary alabaý üçin ajaýyplyk diýlen düşünjäniň aýratyn «şahasyny» döredipdi.