Türkmen parlamentarileri Samarkantda GDA-nyň PAA Geňeşiniň mejlisine gatnaşdylar


Mejlisiň – milli parlamentiň aşaky palatasynyň başlygy Gülşat Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 27-28-nji oktýabrda Samarkantda iş saparynda bolup, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara assambleýasynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisiniň işine hem-de forumyň çäklerindäki çärelere gatnaşdy. Bu barada anna güni Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Umumy mejlisi GDA-nyň PAA-nyň Geňeşiniň başlygy, RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenko açdy. Şeýle hem parlament wekiliýetleriniň we hyzmatdaşyk alyp barýan guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly myhmanlar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

GDA döwletlerinde ses bermek işleriniň – saýlawlaryň we sala salyşyklaryň kanunçylyk taýdan üpjünçiligi mejlisiň esasy meselesi boldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa öz çykyşynda biziň döwletlerimiziň baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklarynyň hem-de gatnaşyklarynyň dürli ulgamlarda ýurtlaryň arasyndaky maksada gönükdirilen we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine itergi berýändigini belledi.

Ol kanunuçylygy, kanunçykaryjylyk iş tejribesiniň alşylmagyny sazlaşdyrmakda, şeýle hem ekologiýa, ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň häzirki zaman şertlerinde barha uly orun eýeleýändigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. Häzir Türkmenistan “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýen filosofiýany öňe ilerledip, energetika hem-de ulag diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär.

54-nji umumy mejlise gatnaşyjylar ses berilmegi baradaky meselä bagyşlanylan birnäçe resminamalaryň taslamalaryna: “Saýlawlara we sala salyşyklara halkara gözegçilik hakynda” kanuna, GDA-nyň halkara synçylary üçin saýlawlara we sala salyşyklara halkara gözegçilik etmek boýunça teklipleriň rejelenen görnüşine, Saýlawlarda we sala salyşyklarda awtomatisaziýalaşdyrmagyň tehniki serişdelerini ulanmak boýunça tekliplere, milli saýlawlara we sala salyşyklara daşary ýurtlylaryň gatyşmagyna garşy hereket etmek boýunça tekliplere garadylar.

Mundan başga-da, kanun çykaryjylar howpsuzlyk, ykdysady ösüş, döwlet gurluşy, aň-bilim, medeniýet, maglumatlar hem-de beýleki möhüm ulgamlar bilen baglanyşykly kanun taslamalryna garadylar.
Samarkantda Gülşat Mämmedowa, şeýle hem Oliý Majlisiň Senatynyň – özbek parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Tanzila Narbaýewa bilen aýratyn duşuşdy. Olar iki ýurduň arasynda bolşy ýaly, GDA-nyň çäklerinde-de parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmekde parlament diplomatiýasynyň ähmiýeti bellenildi.
ORIENT news
Foto: https://iacis.ru/








