

SOCAR-yň wise-prezidenti: dostlukly ylalaşyk, uly aglomerat we onlarça ýyllara meýilnamalar barada
Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wekiliýeti çarşenbe güni Aşgabatda açylan "Türkmenistanyň nebiti we gazy" halkara forumyna gatnaşýar.


Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wekiliýeti çarşenbe güni Aşgabatda açylan "Türkmenistanyň nebiti we gazy" halkara forumyna gatnaşýar.


«Startap-ekoulgam 2022» maksatnamasyny guraýjylar tejribeli telekeçileri, işewür-maslahat berijilerini we IT-hünärmenlerini Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda telekeçiliginiň ösmegine goldaw bermek üçin ýaş başlangyç işewür toparlarynyň halypasy hökmünde çykyş etmek maksady bilen bu maksatnama gatnaşmaga çagyrýar.


«Howsalada gerek ýantorba» adalgasy adamyň aňynda elmydama ýakymsyz duýgy döredýär: bu söz düzümi agzalanda hemişe diýen ýaly betbagtçylyk ýa-da heläkçilik göz öňüne gelýär. Şeýle «toplum» geljekden heder etmegiň nyşanyna öwrüldi. «Howsalada gerek ýantorba» düşünjesiniň özi ykdysady çökgünliklerden ýa-da köpçülikleýin göçüp-gonmalardan has öň ýüze çykypdy.


“RŽD Logistika” PJ Türkmenistanyň üstünden “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça yzygiderli konteýner otlusyny işe girizdi. Bu barada kompaniýa salgylanyp, Praým ykdysady habarlar agentligi habar berýär.


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýadaky söwda maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan daşary ýurtlara söwdany ilerletmek boýunça Maslahat beriş guramalarynyň katalogyny çykardy.


Çarşenbe güni, 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Serbiýaly telekeçi buýan köküniň gury ekstraktyny satyn almak üçin geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


TOPH gazgeçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi – munuň özi, ilkinji nobatda, sebitde hem-de taslama gatnaşyjy ýurtlarda energetika howpsuzlygydyr – Owganystany, Pakistany we Hindistany ygtybarly we arzan tebigy gaz bilen üpjün etmekdir.


Türkmenistanyň himiýa senagaty ösdürmegiň strategiýasy ýurdumyzyň çig malyny has doly peýdalanmaga gönükdirilendir – ýurt tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orun hem-de gidromenirl çig malyň gorlary boýunça öňdäki orunlary birini eýeleýär: Garabogaz aýlagynyň kristalara we ýerüsti şorlary, şeýle hem ýerasty ýodbromly suwlary bar.


Penşenbe güni Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara forumynyň çäklerinde ýangyç energetika toplumynda türkmen we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda täze ylalaşyklar boýunça resminamalara gol çekilýär.


«24 KG» portalynyň habar bermegine görä, Gyrgyzystan Türkmenistandan 350 million kub metr gaz satyn almak barada gepleşikleri geçirýär – diýip, hökümet mejlisinde bu ýurduň energetika ministri Taalaýbek Ibraýew beýan edipdir.


Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi we şol ýylyň 12-nji dekabrynda çap edildi. Bu sene Türkmenistanyň döwlet binýadynyň döredilmeginiň başlangyjy boldy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda taraplar söwda, ykdysady, ulag we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada TDH gullugy habar berýär.


OGT-2022 nebit-gaz halkara forumyna gatnaşýan Russiýanyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Aşgabatdaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine baryp, kärdeşleri bilen ylmy ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar.


Türkmenistanyň tebigy gaz we nebit çykaarmak boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolup durýandygy sebäpli, Aşgabatda häzirki geçirilýän nebitgaz forumynyň gün tertibindäki möhüm mesele metanyň bölünip çykmalaryny dolandyrmakdan ybaratdyr diýip, OGT-2022-ä gatnaşýan ABŞ-nyň ilçisi Mettýu Stiwen Klimou hasaplaýar.


Baker Hughes – bütin dünýä boýunça energetika we senagat pudagynda çözgütleri hödürleýän amerikan transmilli korporasiýasy bolup, nebitli we gazly känleri gözläp tapmak babatda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýa bazara ýaňy – 2019-njy ýyldan bäri goşulan-da bolsa, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän energetika we gazhimiýa taslamalaryna örän işjeň gatnaşýar. Konserniň işiniň şu we beýleki ugurlary barada OGT-2022 halkara nebitgaz forumynyň meýdançasynda Baker Hughesiň satuwlar boýunça ýolbaşçysy Aleksandr Ustýužanin ORIENT-e gürrüň berdi.