HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Çelýabinskiniň senagat kompaniýalary türkmen bazaryna ünsi jemleýärler

Oktýabr 30, 2022 | 01:02 |7598
Anna güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna bagyşlanylan halkara sergi we maslahat tamamlandy. Foruma gatnaşyjylaryň arasynda dürli ýurtlaryň hem-de sebitleriň iri kompaniýalarynyň, halkara maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, önümçilikleri guraýjylar we ş.m. boldular.Anna güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna bagyşlanylan halkara sergi we maslahat tamamlandy. Foruma gatnaşyjylaryň arasynda dürli ýurtlaryň hem-de sebitleriň iri kompaniýalarynyň, halkara maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, önümçilikleri guraýjylar we ş.m. boldular.
Çeşme:

Anna güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna bagyşlanylan halkara sergi we maslahat tamamlandy. Foruma gatnaşyjylaryň arasynda dürli ýurtlaryň hem-de sebitleriň iri kompaniýalarynyň, halkara maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, önümçilikleri guraýjylar we ş.m. boldular. Şol sanda RF-niň Çelýabinsk oblastyndan wekiller gatnaşdylar. Dostlukly hyzmatdaş ýurduň bu sebitiniň wekiliýetiniň agzalary öz kärdeşleri bilen Aşgabat duşuşygyndan galan täsirlerini paýlaşdylar.

2 Сташкевич Агентство международного сотрудничества.JPEG

– Biz Aşgabada gelýärkäk, Türkmenistanyň esasy baýlygynyň mineral serişdeleri, ilkinji nobatda bolsa, onuň nebiti we gazydygyny pikir edýärdik, emma welin, gelenimizde (biziň köpimiziň bolsa bu ýere ilkinji gezek gelşimiz), biziň garaýşymyz düýbünden üýtgedi diýip, Çelýabinsk oblastynyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň Eksporta goldaw beriş merkeziniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň hünärmeni Mihail Staşkewiç aýdýar.

Biz Türkmenistanyň esasy baýlygynyň adamlardygyna düşündik. Bu ýerde myhmansöýer, ýardam-kömege taýýar adamlar ýaşaýar, forumyň ajaýyp guralandygyndan çen tutsaň, olar öz işiniň ýokary derejeli ussady diýip aýdasyň gelýär.

Biziň Aşgabatda birnäçe günlerimiziň baý we gyzykly maksatnamasynyň bolandygyna garamazdan, şol günler göz açyp-ýumasy salymlda bir pursat ýaly bolup geçip gitdi. Şoňa görä-de, foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de işlemegimize döredilen ajaýyp şertler üçin guramaçylara köp-köp hoşallyk bildirmek isleýäris.

Çelýabinsk oblasty “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022” halkara sergisinde kärhanalaryň ýedisinden ybarat bolan toparlaýyn diwarlyk bilen wekilçilik etdi. Şol kärhanalar “ANEKO” senagat kompaniýasy, “Neft-Serwis” JÇJ, “ElMetro-Inžiniring” JÇJ, M-Serwis BMW, “Çelýabinskiý traktornyý zawod” we “UPSK eksport” kompaniýasydyr.

Aşgabatdaky nebitgaz forumynda Russiýa Federasiýasynyň çäklerinden uzaklarda-da meşhur bolan “ANEKO” kompaniýasyna onuň baş direktory Mihail Andrýuşşenko wekilçilik etdi:

3 Андрющенко.jpg

– Türkmenistan tebigy serişdelere, şol sanda nebite we gaza örän baý ýurtlaryň hataryna girýär. Biziň “ANEKO” kompaniýamyz şolary gazyp almak üçin ýokary hilli enjamlary öndürýär. Olar gurluşyk we abatlaýyş işlerinde nebit we gaz guýularynyň agzyny berk gysyp ýapmak üçin ulanylýan bölünip çykmalaryň öňüni alyş enjamlar toplumlarydyr. Biz tehnologiýalarymyzyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berjekdigine örän umyt edýäris.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty bolsa örän ägirt ulydyr. Men siziň ýurduňyzyň kompaniýalarynyň we Çelýabinsk oblastynyň gatnaşyklarynyň netijeli hem-de özara bähbitli boljakdygyna ynanýaryn.

Biziň oblastymyzy Russiýanyň senagat-önümçilik ägirdi diýip atlandyrýarlar. Nebitgaz enjamlaryndan başga-da, Çelýabinskiniň zawodlary örän köp dürli önümleri öndürýärler. Maşyngurluşyk toplumynda, mysal üçin, Çelýabinsk oblastynyň önümçilikdäki işgärleriniň tas üçden bir bölegi diýen ýaly zähmet çekýär.

Ýa-da turba önümçiligi bilen meşgullanýan Çelýabinskiniň turbaprokat zawodyny alyp göreliň. Ol Russiýanyň iň iri kärhanalarynyň biridir. Siziň ýurduňyzy has-da depginli ösdürmek, jaýlary we ýollary gurmak, zawodlary we fabrikleri täzeden enjamlaşdyrmak, nebit we gaz geçirijilerini çekmek we ş.m. üçin Türkmenistana ýokary hilli önümleri ibermek mümkinçiligine eýe bolan ýene-de köpsanly beýleki häzirki zaman kärhanalaryny görkezmek bolar.

Meniň watandaşym hem-de kärdeşim, “Neft-Serwis” kompaniýasynyň marketing boýunça direktory Witaliý Ibraýew muny tassyklap biler.

4 Ибраев Нефть-Сервис.jpg

– Çakylyk alyp, bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastyna wekilçilik etmek biz üçin uly hormatdyr. Munuň özi, ilkinji nobatda, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilikdir diýip, Witaliý Ibraýew söhbetdeşligi goşuldy.

Ýokary hünär derejeli inžener-tehniki işgärler topary zähmet çekýän “Neft-Serwis” kompaniýasy enjamlary, şeýle hem guýulary burawlamak we olary düýpli abatlamak üçin ätiýaçlyk şaýlaryny hem-de sarp ediş serişdelerini öndürýär. Mundan başga-da, enjamlaryň bejeriş-dikeldiş işlerini we beýlekileri ýerine ýetirýär.

Biz Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny depginli ösdürmäge bolan maksadyna, dogrudan-da, begenýäris. Ýurduň şeýle meýilleri barada nebitgaz pudagynyň dünýä derejeli kompaniýalaryny Aşgabatda jemlän halka sergisinde hem-de maslahatynda-da köp gürrüň edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň durnukly we depginli ösüş ýoly bilen has öňe barýan geljegi bar.

Bu ugurda biziň özara bähbitlerimiziň gabat gelýän ýerleri az däl. Şoňa görä-de, Çelýabinsk oblastynyň kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirmek bilen birlikde, siziň ýuduňyzyň hem-de biziň oblastymyzyň bar bolan biri-biriniň üstüni ýetirýän mümkinçiliklerimizi peýdalanmak üçin uly tagalla edýärler.

5 Йылкыбаев.JPEG

– “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022” atly halkara sergisiniň we maslahatynyň dowamyndaky duşuşyklar, gepleşikler hem-de iş maslahatlary Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksleriň baştutanlygyndaky Günorta Uralyň wekiliýetiniň Aşgabada bolan saparyndan bir aý geçenden soň bolup geçdi – diýip, “URAL” awtomobil zawodynyň Türkmenistandaky wekili Akmyrat Ýylkybaýew aýdýar. – Ýagny, şonda başlanan gepleşikler, eýýäm, iş ýüzünde amal bolup, ösüşe eýe bolup başlady.

Nebitgaz pudagynyň wekilleri bilen söhbetdeş bolnanda, Çelýabinsk wekiliýetiniň agzalarynyň ýerli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hem hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny-da bellemek gerek. Bu hem biz üçin örän möhümdir. Çünki taraplaryň ikisi-de önümleri we tehnologiýalary ibermek bilen birlikde, toplanylan bilimleri, tejribeleri alyşmaga hem gyzyklanýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026