Habarlar

“Arzuw daragty”: türkmen talyplary mümkinçiligi çäkli çagalara täze ýyl sowgadyny etdiler“Arzuw daragty”: türkmen talyplary mümkinçiligi çäkli çagalara täze ýyl sowgadyny etdiler

“Arzuw daragty”: türkmen talyplary mümkinçiligi çäkli çagalara täze ýyl sowgadyny etdiler

Aşgabadyň bejeriş okuw-terbiýeçilik merkeziniň çagalarynyň täze ýyl arzuwlary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň tagallary netijesinde, özboluşly täsin görnüşde hasyl boldy. Ýaşlar çarşenbe güni “Arzuw daragty” taslamasynyň çäklerinde çagalar üçin baýramçylyga niýetlenip ýörite taýýarlanan sowgatlary gowşurdylar.