Duşenbedäki maslahatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselesi ara alyp maslahatlaşyldy


Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-Merkezi Aziýa: hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty, özara goldaw, baky dostluk we bilelikdäki ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Täjigistanyň Milli maglumatlar agentligi «Howar» habar berýär.
Çäre Täjgistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň 5-nji konsultatiw duşuşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirildi. Sebitiň ýurtlarynyň analitiki merkezleriniň wekilleri MA-nyň halkara howpsuzlygyny we durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuny ara alyp maslahatlaşdylar, bu ugurdaky bütindünýä başlangyçlary bilen tanyşdylar.
Wekiller şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegine halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda düýpli üýtgemeleriň amala aşyrylýan şertlerinde durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň faktory hökmünde garadylar.
Maslahatda çykyş etmek bilen, Merkezi Aziýanyň Halkara institutynyň Direktory Wladimir Norow ýurtlara hyzmatdaşlygyň täze syýasy paradigmasyny döretmegi başardandygyny belledi.
«Durnukly Merkezi Aziýa eýýäm maýa goýum işjeňliginiň we ykdysady ösüşiň möhüm merkezleriniň biri bolup barýar» - diýip, Norow aýtdy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň baştutanlarynyň esaslandyryjylarynyň geňeşiniň mejlisi şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriler.
ORIENT habarlar








