Ženewada Türkmenistanyň BSG-a goşulmagy boýunça gepleşikler geçirildi


Türkmenistanyň Daşary ykdysady gatnaşyklar bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ştab-kwartiralary Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG), Halkara Söwda Merkeziniň we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistan hökümetiniň BSG-nyň dolyhukukly agzalygyna pugta ygrarlydygyny nygtady. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň BSG-a goşulmak prosessine garaýşy, başlangyç resminamalary taýýarlamak üçin iş meýilnamasyny ýola goýmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Jepbarow gepleşikleri geçirmek üçin içerki institusional mehanizmleri döretmegiň, BSG-a girmegiň netijelerini öwrenmegiň we milli kanunçylygy guramanyň kadalaryna laýyk getirmegiň möhümdigini aýtdy – diýip, türkmen DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.

Ýokarda agzalan halkara guramalaryň wekilleri ykdysady özgertmeleri geçirmekde we BSG-a goşulmakda Türkmenistana mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
ORIENT news








