Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetine gurluşyk desgalaryny pugta gözegçilikde saklamagy tabşyrdy
Mart 14, 2023 | 00:57 |10293


Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýerlere, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň dolandyryş merkezleriniň ýolbaşçylaryna 2023-nji ýylda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanynyň degişli tabşyrygy duşenbe güni Türkmen döwlet telewideniýesiniň habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda ýaýlyma berildi. Bellenilişi ýaly, resminama ýurduň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamaga, welaýatlarda täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
ORIENT news








