Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýranyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa duşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abbas Arbab Hales bilen duşuşdy. Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn gün tertibindäki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar ýokary derejedäki duşuşyklaryň aýratyn ähmiýetini bellemek bilen, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, şol sanda ikitaraplaýyn saparlary guramak ýaly meselelere aýratyn üns berildi – diýip, Türkmen daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Diplomatlar iki döwletiň netijeli hyzmatdaşlygyna köptaraplaýyn formatda halkara we sebit gurluşlarynyň çäklerinde baha berdiler.
Energetika we ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ekologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk we iki ýurduň aýal-gyzlarynyň arasyndaky dialogy işjeňleşdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT news








