HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Mart 13, 2023 | 22:32 |8947
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, welaýalatlaryň häkimlerine söz berdi. Häkimler öz çykyşynda şu günler welaýatlaryň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, welaýalatlaryň häkimlerine söz berdi. Häkimler öz çykyşynda şu günler welaýatlaryň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, barada hasabat berdi.
Çeşme: Watan

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, welaýalatlaryň häkimlerine söz berdi. Häkimler öz çykyşynda şu günler welaýatlaryň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, barada hasabat berdi.

Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatlaryň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň we bu ugurdaky alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesiniň berk gözegçilikde saklanylmagy barada tabşyryklary berdi.

Şeýlede Türkmenistanyň Prezidenti gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda we binalarda gurluşygy we meýilleşdirilen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bulary gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmek üçin tohumlary taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek hem-de gök bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy hem-de bu işleriň depginlerini güýçlendirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026