HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Latwiýa Merkezi Aziýadan Baltika ýurtlaryna gatnatmalary ýola goýmagy meýilleşdirýär

Mart 13, 2023 | 19:58 |7903
Latwiýa Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesine birikmäge bil baglamak bilen, Merkezi Aziýadan Baltika we Skandinawiýa ýurtlaryna gatnatmalaryň synag hyzmatyny ýola goýar. Taslamanyň üstünlikli amala aşmagy Merkezi Aziýadan Skandinawiýa alternatiw ulag geçelgesiniň döredilmegine esas bolup biler.Latwiýa Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesine birikmäge bil baglamak bilen, Merkezi Aziýadan Baltika we Skandinawiýa ýurtlaryna gatnatmalaryň synag hyzmatyny ýola goýar. Taslamanyň üstünlikli amala aşmagy Merkezi Aziýadan Skandinawiýa alternatiw ulag geçelgesiniň döredilmegine esas bolup biler.
Çeşme: triniti.eu

Latwiýa Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesine birikmäge bil baglamak bilen, Merkezi Aziýadan Baltika we Skandinawiýa ýurtlaryna gatnatmalaryň synag hyzmatyny ýola goýar. Taslamanyň üstünlikli amala aşmagy Merkezi Aziýadan Skandinawiýa alternatiw ulag geçelgesiniň döredilmegine esas bolup biler.

Latwiýanyň Transport ministrliginiň Üstaşyr syýasat bölüminiň müdiriniň orunbasary Andris Maldupsyň sözlerine görä, bu başlangyçda, esasanam uzak aralyk ugurlary bilen baglanyşykly demir ýoluň roly Baltika ýurtlaryny Ýewropanyň demir ýol ulgamy bilen birleşdirmäge gönükdirilen “Rail Baltica” taslamasynyň ösüşi bilen baglanyşykly.

Maldups: - “Latwiýa demir ýollary täze ýük tapmak we täze hyzmatlar döretmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanýar” – diýdi. Mundan başga-da, Latwiýa Wentspils portundan Stokgolma çenli ugurda ygtybarly parom hyzmatlaryna bil baglaýar we Liepaýa şäherinden täze parom hyzmatlaryny meýilleşdirýär.

Bu çözgüt Maldupsyň Azerbaýjana saparynyň çäklerinde TRACECA-nyň Baş sekretary Aset Assawbaýew bilen geçirilen duşuşykda beýan edildi.

Şeýle hem, Assawbaýew Latwiýa IPC-de hemişelik wekilini bellemäge mümkinçilik berjek Hökümetara maksatnama toparynda synçy statusyny almagyň şertleri barada maglumat berdi.

TRACECA Merkezi Aziýanyň, Kawkazyň we Gündogar Ýewropanyň 12 ýurdy – Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Özbegistanyň, şeýle hem ÝB-ne agza ýurtlaryň gatnaşýan döwletara ulag maksatnamasydyr. Bu maksatnama ilkinji gezek 1993-nji ýylda kabul edildi. ÝB-iň Ýewropa toparynyň üsti bilen amala aşyrýan esasy wezipesi taslamalary we hemişelik sekretariaty maliýeleşdirmekden ybarat.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026