HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝTÖB türkmen telekeçi-zenanlary üçin kouçing elementleri bolan taslamany üstünlikli geçirdi

Mart 13, 2023 | 17:33 |7252
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Türkmenistanda zenan-telekeçilere işewürligi «elden» dolandyrmak kadasyndan ulgamlaýyn dolandyrmaga geçmäge kömek etmeklige niýetlenen ilkinji kouçing (tälimçilik) düzüm bölegi bolan üç aýlyk taslamany geçirdi.Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Türkmenistanda zenan-telekeçilere işewürligi «elden» dolandyrmak kadasyndan ulgamlaýyn dolandyrmaga geçmäge kömek etmeklige niýetlenen ilkinji kouçing (tälimçilik) düzüm bölegi bolan üç aýlyk taslamany geçirdi.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Türkmenistanda zenan-telekeçilere işewürligi «elden» dolandyrmak kadasyndan ulgamlaýyn dolandyrmaga geçmäge kömek etmeklige niýetlenen ilkinji kouçing (tälimçilik) düzüm bölegi bolan üç aýlyk taslamany geçirdi.

Taslamanyň tälimçisi Marina Pogosýan Türkmenistandaky ÝTÖB-na tejribe geçirmeklige açykdygyny mälim etdi we üstünlikli geçirilen taslama üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi. Kouçing (tälimçilik) – bu diňe bir bilimleri we başarnyklary geçirmek däldir - diýip, ol okuwa gatnaşyjylar bilen bolan soňky duşuşygynda belledi. Bu adamyň pikirlenmesi bilen işlemekdir - onuň öz işewürligi barada nähili pikir edýändigi we özüni kim hökmünde görýändigi baradaky işdir.

Google Meet onlaýn platformasynda geçirilen okuwyň dowamynda gatnaşyjylara näme üçin işewürligi ulgamlaýyn däl şertlerinde alyp barmak meselesiniň ýüze çykýandygyny bilmek tabşyryldy. Soňra her kompaniýanyň wekili üçin şahsy kouç-duşuşyklar gurnaldy, olaryň çäklerinde şahsy meseleler çözüldi.

Her bir işewürlik ösüşiň belli bir tapgyrlaryndan geçýär, indiki derejä geçmek üçin käwagt kärhana düýpli üýtgeşmeleri başdan geçirmeli bolýar. Muňa dürli faktorlar päsgel berip biler. Diňe ýolbaşçy şol faktorlara düşünip, mundan beýläkki ösüşi höweslendirip biler.

Taslamanyň görkezişi ýaly, oňa ýüz tutan kärhanalaryň köpüsi maşgala ýaly gurnalypdyr, olaryň özleriniň öňden gelýän we şübhe döretmeýän däpleri bar – diýip Pogosýan gürrüň berdi. Bu islendik telekeçiligiň ösüşiniň başlangyç tapgyrlarynyň birine gabat gelýär. Kouçing sessiýalary ýolbaşçy zenanlaryň şunuň ýaly «maşgala» paradigmasynyň çäklendirmelerine düşünmeklerine we mundan beýläkki ösüş üçin höweslenme almaklaryna gönükdirilendir.

Okuwlaryň maksady diňe bir anyk görkezme ýa-da gural bermek däl-de, eýsem işewürligiň belli bir tapgyrlarda ös ösüşini togtadýandygynyň çüňňur sebäplerine düşünmäge kömek etmekdir. Sebäbi, eger-de kollektiw ýolbaşçynyň baştutanlygynda işe bolan gatnaşygyny üýtgetmese, resmi taýdan has ýowuz iýerarhiýa geçmek we içerki kanunlaryň döredilmegi başa barmaýar.

Taslamanyň çäklerindäki soňky duşuşykda işewürligiň ýolbaşçylary prezentasiýalar bilen çykyş etdiler, şahsy we toparlayn okuwlardan soňra öz kompaniýalaryndaky işleriň transformasiýasy barada gürrüň berdiler. Taslama zähmet tertip-düzgünine oňyn täsir etdi, diňe bir wezipe görkezmelerini we kompaniýanyň düzgünlerini resmi taýdan işläp düzmäge kömek etmän, olaryň telekeçilik işi üçin zerurdygyna we netijelidigine hakykatdan düşünmäge we barlap görmäge kömek etdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026