

Aşgabatda Bitaraplyk gününe bagyşlanan çagalar bäsleşigi geçirildi
Reňklere baý suratlar we kartinalar, kartondan, fanerden, agaçdan ýasalan dürli maketler, şeýle hem Türkmenistan hakynda gürrüň berýän düzmeler “Dünýä: çagalarymyzyň sesi” bäsleşiginde eminler toparyna hödürlendi. Bu ýerde 4-11-nji synplarda okaýan okuwçylaryň jemi 150-den gowrak eserleri görkezildi.



















