Daşary ýurt howa ýollary kompaniýalarynyň ikisi – "Türk Howaýollary" we "Belawiýa" Türkmenistana uçuş gatnawlarynyň tertibine üýtgetmeler girizdi


Iki sany daşary ýurt awiakompaniýasy - türk "Türk Howaýollary" we belarus "Belawiýa" Türkmenistana uçuş gatnawlarynyň rejesine üýtgetmeler girizdi.
Türk Howaýollarynyň 2022-nji ýylyň dekabr aýyna meýilleşdiren uçuş tertibine laýyklykda, kompaniýanyň howa gämileri Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça uçuş gatnawlaryny hepdede iki gezek - çarşenbe we şenbe günlerinde amala aşyrar. Aşgabatdan Stambula gatnawlar penşenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetiriler. Dekabr aýynga türk Howaýollarynyň ilkinji uçary Aşgabat halkara howa menziline 2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda gonar.
Stambul - Türkmenbaşy - Stambul ugry boýunça yzygiderli gatnawlar hem türk awiakompaniýasy tarapyndan hepdede iki gezek - duşenbe we anna günleri amala aşyrylar.
Petegiň bahasy uçuş senesine bagly bolup, ony türk Howayollarynyň ofislerinde, şeýle hem agentligiň resmi internet saýtynda satyn almak bolar.
Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ýene biri – şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana uçuşlaryny dikelden belarus Belawiýasy Minsk-Türkmenbaşy-Minsk ugry boýunça yzygiderli gatnawlaryň sanynyň köpelendigini habar berdi. 2022-nji ýylyň 13-nji dekabryndan Minsk-Türkmenbaşy ugry boýunça uçuşlar hepdede bir gezek – sişenbe günleri amala aşyrylar we uçar çarşenbe günleri yzyna – Minsk şäherine uçar. Bu meýilnama 2023-nji ýylyň 21-nji martyna çenli dowam eder.
Ozal Belawia Minsk-Türkmenbaşy-Minsk ugry boýunça ýolagçy gatnawlaryny iki hepdede bir gezek amala aşyrýardy. Uçuş peteklerini Belavia internet saýtynda, satuw ofislerinde we agentlerden satyn almak bolar.
ORIENT news








