«Ýeňme» guramasy Aşgabatda Maýyp adamlaryňhalkara gününe bagyşlanan çäre geçirer


«Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy paýtagtyň ýaşaýjylaryny 3-nji dekabrda geçiriljek Maýypadamlaryň halkara gününe bagyşlanan medeni çärä gatnaşmaga çagyrýar.
Maýyplar bilen baglanyşykly ähli meseleleri öz içine alýan duşuşyk maýyplara goldaw bermek we gündelik durmuşda ýüze çykyp biljek kynçylyklara köpçüligiň ünsüni çekmekdir. Bu barada «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy ORIENT portalyna habar berdi.
Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde surat sergisi, konsert, kitap ýarmarkasy we “Üstünligiň basgançaklary” atly bäsleşik gurnalýar. Çäre sagat 12:00-da [Türkiýäniň medeniýet merkeziniň] (https://goo.gl/maps/dokz7SJVSc9DUaXU6) (Görogly köçesiniň, 41 A.) binasynda geçirilýär.
Bu çäre ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi, Winrock International, BMG-niň Neşe serişdelerine wejenaýatçylyga garşy göreş gullugy we Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen hereket ediş mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryňgatnaşmagynda taýýarlanyldy.
ORIENT news
Surat: vechastana.kz








