«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana amala aşyrylýan uçuşlaryň sanyny artdyrýar


«Belawiýa» awiakompaniýasy Minsk-Türkmenbaşy-Minsk halkara howa gatnawynda ýolagçy gatnawlarynyň sanyny hepdede bir gezege çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Belarussiýanyň howa ýollarynyň resmi Telegram hasabynda habar berilýär.
Ozal ýolagçy uçary bu ugur boýunça iki hepdede bir gezek uçuşy amala aşyrýardy.
Indi uçuşlaryň sany 13-nji dekabrdan artdyrylýar. Şeýle hem olar aşakdaky görkezilen tertipnama laýyklykda hereket ederler:
-Çarşenbe güni – sagat 22:40-da Minsk şäherinden ugrap, penşenbe güni – sagat 04:45-de Türkmenbaşy şäherine gonar,
-Penşenbe güni – sagat 05:45-de Türkmenbaşy şäherinden ugrap, sagat 8:05-de Minsk şäherine gonar.
Uçuş her şäheriň ýerli wagty bilen berilýär.
Biletleri Belawiýanyň resmi web saýtyndan Belawiýa we ähli satuw ofislerinden, şeýle hem agentlikerinden satyn alyp bilersiňiz.
ORIENT news
Surat: balticnews.ru








