HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda maýyplaryň durmuş-ykdysady integrasiýasynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Dekabr 03, 2022 | 17:45 |4493
3-nji dekabrda bellenilýän Maýyplaryň halkaragününiň öňüsyrasynda Aşgabat şäherindeTürkmenistandaky maýyplaryň durmuş-ykdysady integrasiýasynyň meseleleri boýunça tegelek stol geçirildi.3-nji dekabrda bellenilýän Maýyplaryň halkaragününiň öňüsyrasynda Aşgabat şäherindeTürkmenistandaky maýyplaryň durmuş-ykdysady integrasiýasynyň meseleleri boýunça tegelek stol geçirildi.
Çeşme:

3-nji dekabrda bellenilýän Maýyplaryň halkaragününiň öňüsyrasynda Aşgabat şäherindeTürkmenistandaky maýyplaryň durmuş-ykdysady integrasiýasynyň meseleleri boýunça tegelek stol geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar maýyplaryň durmuş-ykdysady integrasiýasynyň kanuny esaslaryny, iş we hünär bilimini, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklaryny we bähbitlerini öňe sürmekdäki ornuny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndangoldaw berilmegi, şol sanda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi we milli kanunçylyga üýtgetmeleriň girizilmegi maýyplaryň durmuş-ykdysady integrasiýasy boýunça wajyp wezipäni amala aşyrmagyň esasy şertidir.

BMGÖM-niň Türkmenistandaky maksatnamasynyňbölüminiň başlygy Röwşen Nurmuhamedow duşuşyga gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlikde mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň hukuklaryny we integrasiýasyny ilerletmek - diňe bir adalat meselesi däl, eýsem olaryň geljegi üçin goýlan maýadygyny belledi. Şol nukdaýnazardan, saglygy goraýyş, bilim, iş üpjünçiligi, durmuş hyzmatlary we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmakda olaryň deň elýeterliligini üpjün etmek ähli ýurtlar üçin esasy wezipe bolup durýar.

Bu çäre BMGÖM bilen Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän we «Günorta-Günorta» Global ösüş we hyzmatdaşlyk gaznasynyň ýardam etmeginde «Türkmenistanda maýyplar üçin elýeterli iş: bilimalmak we mynasyp işe ýerleşmek mümkinçigine eýe bolmak üçin jemgyýetçilik kärhanalaryny özgertmek»atly taslamasynyň çäginde gurnaldy. Bu taslama iş mümkinçiliklerini we girdejilerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen açyk zähmet bazarynda maýyplary iş bilen üpjün etmegiň modelini göz öňünde tutýar.

ORIENT news
Surat BMGÖM-niňTürkmenistandaky bölümi tarapyndan berildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026