Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary Meýletinçiler gününe bagyşlanan baýramçylyk sergisini gurnaýarlar


5-nji dekabrda Aşgabatda Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti, Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Halkara ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň hatyrasyna Meýletinçiler güni mynasybetli baýramçylyk çäresini geçirýär.
Myhmanlara çäräniň gyzykly hem şowhunly meýilnamasy garaşýar – onuň barşynda ýaryşlar, ussatlyk sapaklary geçiriler, meýletinçiligiň ähmiýetini aýdyňlaşdyrýan sosial wideoşekiller görkeziler. Şeýle hem ol ýerde ýarmarka geçirilmegi göz öňünde tutulýar, onda myhmanlar özlerine we ýakyn dogan-garyndaşlaryna özboluşly elde ýasalan zatlary satyn alyp bilerler.
Myhmanlaryň her biri «Çaga oýunjak beriň» atly haýyr-sahawat çäresine gatnaşyp, meýletinçi bolup biler.
Çäre «Watan» kinoteatrynyň zalynda 18:00-dan 20:30-e çenli geçiriler.
Goşmaça soraglar boýunça habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 61) 56-79-58.
Halkara meýletinçiler güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1985-nji ýylda döredildi. Ol meýletinçilere we dürli guramalara alyp barýan işleriniň wajyplygy hakda paýlaşmaga we özleri barada gürrüň bermäge mümkinçilik döredýär.
BMG-nyň Baş sekretary António Guterreş: «Her dürli we üýtgäp durýan görnüşlerde hereket edýän Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde meýletinçiligiňeýeleýän orny hökümetleriň we beýleki gatnaşyjylaryň güýçli goldawyna mynasypdyr» - diýip, belleýär.
Häzirki wagtda bu ugurda köp sanly guramalar hereket edýär, olara goşulyp, doly ýa-da boş wagtyňyzda bir ýa-da yzygiderli ýagdaýda, olaryň haýsy-da bolsa bir görnüş bilen meşgul bolup bilersiňiz. Şunda esasy zat bolsa — öwezine hiç zada garaşman, ýürekde adamlara kömek etmek islegiň bolmagydyr.
ORIENT news
Surat: Yandex








