Habarlar

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemlediTürkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemledi

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemledi

Türkiýe Respublikasy syýahatçylyk pudagyndaky 9 aýyň netijelerini yglan etdi. Stambul şäherinde geçirilen metbugat maslahatynda ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý 2025-nji ýylyň üç çärýeginiň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň 50 million halkara syýahatçyny kabul edendigini yglan etdi. Şol döwürde Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,6% göterim ýokarlandy.

TDBGI-niň mugallymlary Türkmenstanyň hormatly Prezidentiniň sowgady bilen sylaglandyTDBGI-niň mugallymlary Türkmenstanyň hormatly Prezidentiniň sowgady bilen sylaglandy

TDBGI-niň mugallymlary Türkmenstanyň hormatly Prezidentiniň sowgady bilen sylaglandy

3-nji noýabrda, ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynda ýokary netijeleri gazanan işgärler bilen birlikde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň birnäçe mugallymy hem Türkmenstanyň hormatly Prezidentiniň sowgady bilen sylaglandylar