HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada geçirilen festiwalda türkmen talyplary milli medeniýeti açyp görkezdiler

Noýabr 07, 2025 | 00:15 |61538
Türkmen talyplary Russiýanyň Wolgograd döwlet tehniki uniwersitetiniň ýanyndaky Binagärlik we Gurluşyk institutynda geçirilen «Umumy asman» atly XII milletara festiwalyna işjeň gatnaşdylar. Bu ýyl festiwal onlarça ýurtdan ýüzlerçe talyby birleşdirdiTürkmen talyplary Russiýanyň Wolgograd döwlet tehniki uniwersitetiniň ýanyndaky Binagärlik we Gurluşyk institutynda geçirilen «Umumy asman» atly XII milletara festiwalyna işjeň gatnaşdylar. Bu ýyl festiwal onlarça ýurtdan ýüzlerçe talyby birleşdirdi
Çeşme: vgasu.ru

Türkmen talyplary Russiýanyň Wolgograd döwlet tehniki uniwersitetiniň ýanyndaky Binagärlik we Gurluşyk institutynda geçirilen «Umumy asman» atly XII milletara festiwalyna işjeň gatnaşdylar. Bu ýyl festiwal onlarça ýurtdan ýüzlerçe talyby birleşdirdi.

«Umumy asman» festiwaly halk diplomatiýasynyň meýdançasyna öwrüldi. Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan, Hytaý, Iordaniýa we beýleki ýurtlaryň ýaşlary biri-birine öz edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny we milli aýratynlyklaryny tanyşdyrdylar.

06112025-turkmenistan-studenty-volgograd-festival-obscheye-nebo (2).jpg

Milli tagamlaryň festiwaly aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu ýerde türkmen talyplary myhmanlara türkmeniň milli tagamlaryny hödürläp, ýurdumyzyň myhmansöýerlik medeniýetini açyp görkezdiler.

Talyplar stoluň üstünde oýunýan oýunlarda, futbol ýaryşlarynda hem-de ýüp çekmek boýunça bäsleşiklerde çykyş edip, dostluk gatnaşyklaryny sport arkaly berkitdiler.

06112025-turkmenistan-studenty-volgograd-festival-obscheye-nebo (1).jpg

Şeýle hem beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen bilelikde medeni özara düşünişmek we daşary ýurtlarda milli medeniýeti dogry tanatmak boýunça duşuşyk geçirildi.

Festiwalyň jemleýji konsertinde türkmen talyplary milli lybaslaryny, aýdymlaryny we tanslaryny tomaşaçylara hödürlediler.

Türkmen ýaşlarynyň şeýle halkara çärelerine işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we medeni dialogy goldaýan syýasatyna, hatda talyp gurşawynda hem ygrarlylygyny açyp görkezýär.

06112025-turkmenistan-studenty-volgograd-festival-obscheye-nebo (3).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026