HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ýertitreme zerarly ejir çeken Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratdy

Noýabr 07, 2025 | 13:30 |12544
Türkmenistan ýakynda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk Owganystanyň halkyna uly mukdarda ynsanperwerlik kömegi ugratdyTürkmenistan ýakynda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk Owganystanyň halkyna uly mukdarda ynsanperwerlik kömegi ugratdy
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistan ýakynda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk Owganystanyň halkyna uly mukdarda ynsanperwerlik kömegi ugratdy.

Ynsanperwer kömegini ibermek baradaky çözgüt türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyrygyndan ugur alnyp kabul edildi.

Kömegi ugratmak baradaky başlangyç Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde beýän edildi. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory Oguljahan Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurtda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, doganlyk halkyna, hususan-da, ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini türkmen halkynyň Milli Liderinden haýyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu başlangyjy makullap, degişli ýolbaşçylara bu işleri guramak barada görkezmeleri berdi.

Ynsanperwer kömegiň düzümi derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybaratdyr.

Türkmenistanyň DIM-niň habaryna görä, ynsanperwer maksatly çärä Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili, hormatly ýaşulular, käbir ministrlikleriň weklilleri gatnaşdylar.

Weýrançylygyň dikeldilýän döwründe şeýle kömegi ibermek Türkmenistanyň ynsanperwer taglymlaryň dabaralandyrylmagyna ygrarlydygynyň şeýle hem onuň sebitde durnuklylygy we ählumumy derejede parahatçylygy berkitmek isleginiň aýdyň subutnamasydyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026