HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly spidkuber Malaýziýadaky ýaryşlarda 12 milli rekordy goýdy

Noýabr 06, 2025 | 15:35 |14193
Türkmenistanly bolan 17 ýaşly Timur Arazmedow Malaýziýada geçirilen Rubik kubigiň çalt ýygnalyşy boýunça ýaryşa gatnaşyp, 12 milli rekordy goýdyTürkmenistanly bolan 17 ýaşly Timur Arazmedow Malaýziýada geçirilen Rubik kubigiň çalt ýygnalyşy boýunça ýaryşa gatnaşyp, 12 milli rekordy goýdy
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanly bolan 17 ýaşly Timur Arazmedow Malaýziýada geçirilen Rubik kubigiň çalt ýygnalyşy boýunça ýaryşa gatnaşyp, 12 milli rekordy goýdy.

Ýaryş 1–2-nji noýabr aralygynda Kuala-Lumpura ýakyn ýerleşýän Selangor ştatynda geçirildi we Malaýziýanyň iň güýçli 186 spidkuberini, şeýle hem Hytaýdan, Singapurdan, Müsürden we Fransiýadan gelen gatnaşyjylary toplady.

Спидкубер из Туркменистана установил 12 национальных рекордов на соревнованиях в Малайзии.jpg

Aziýa–Ýuwaş umman tehnologiýa uniwersitetiniň (APU) birinji ýyl talyby Timur Arazmedow dürli ugurlarda täsirli netijeleri görkezdi. Onuň ortaça netijeleri şu görnüşde boldy:

— 7x7: 3 minut 36 sekunt

— 6x6: 2 minut 22 sekunt

— 5x5: 1 minut 12 sekunt

— 4x4: 36,54 sekunt

— 3x3: ýarym finalda 9,15 sekunt (iň gowy netijesi — 7,84 sekunt).

Ýaryşyň netijesine görä, ýaş spidkuber Türkmenistanyň 12 milli rekordyna eýe boldy. 3x3 ugrunda bolsa ol ýarym finala çykyp, ýaryşa gatnaşan güýçli oýunçylaryň arasynda 16-njy ýeri eýeledi.

Timur Rubik kubigi ýygnamagy 10 ýaşyndaka internet arkaly özbaşdak öwrenip başlapdyr. Bir hepdeden soň bolsa ol adaty 3x3 kubigi 5 minutdan az wagtda ýygnap bilipdir. «Meniň hemişe kämilleşmek islegim bardy. Wagtyň geçmegi bilen men kubigi gözümi ýumup ýygnamagy hem öwrendim — meniň şahsy rekordym 58 sekunt» - diýip, Timur aýtdy.

Spidkuber özüniň köp ýyllap dosty we halypasy bolan Muhtar Amanowiç bilen türgenleşendigini hem belleýär. Häzirki wagtda Timur türgenleşikleri dowam etdirip, Türkmenistanyň abraýyny halkara çempionatlarynda has-da berkitmäge hem-de ýaşlara öz mümkinçiliklerini ösdürmäge ruhlandyrmagy maksat edinýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026