Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy bilen gutlady


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow edermen oba zähmetkeşlerini, hasyl ussatlary we ähli halky Hasyl toýy mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutany gutlagynda daýhanlaryň zähmetine uly hormat goýýandygyny nygtady.
Hasyl toýy bereketli türkmen topragynyň sahawatyna bolan çäksiz buýsanjy alamatlandyrýar we türkmen daýhanlarynyň zähmetine döwlet tarapyndan hormat goýýandygyny beýan edýär.
Gutlagda bellenilişi ýaly, şu ýyl gallaçy daýhanlar Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrandylar, munuň özi bolsa bolçulygyň we rysgal-berekediň çeşmesidir.
Döwlet tarapyndan oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. “Bu işler ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagy, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy we tohum önümçiligini gowulandyrmagy göz öňünde tutýar. Guşçulygy we maldarçylygy ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar” – diýip, Prezident belledi.
Serdar Berdimuhamedow şeýle hem döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlardyr gurallaryň yzygiderli satyn alynýandygyny, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen ýeterlik üpjün edilýändigini, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýändigini belledi.
Döwlet tarapyndan kärendeçileriň, pagtaçylaryň, gallaçylaryň, mehanizatorlaryň, alym-agronomlaryň, seçgiçileriň, bakjaçylaryň, bagbanlaryň we beýleki hünärmenleriň ýokary öndürijilikli işlemegi, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamagy üçin mundan beýläk hem ähli şertler dörediler. Prezident türkmen daýhanynyň zähmetine mynasyp baha berilmegine aýratyn üns beriljekdigini nygtady.
Serdar Berdimuhamedow daýhanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan tutanýerli işlerinde bolsa uly üstünlikleri arzuw etdip, gutlagyny “Goý, sahawatly türkmen topragynyň berekedi hiç haçan egsilmesin!” diýen sözler bilen tamamlady.
Ýurduň Hasyl toýy her ýyl noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýär.








