Habarlar

Ýylyň başyndan bäri Azerbaýjana baran türkmenistanly syýahatçylaryň sany belli boldyÝylyň başyndan bäri Azerbaýjana baran türkmenistanly syýahatçylaryň sany belli boldy

Ýylyň başyndan bäri Azerbaýjana baran türkmenistanly syýahatçylaryň sany belli boldy

Türkmenistan Azerbaýjana syýahat edýän raýatlarynyň sany boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýelemegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlary aralygynda Azerbaýjana 24 029 türkmenistanly baryp gördi. Azerbaýjanyň Syýahatçylyk boýunça döwlet agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, hasabat döwründe Azerbaýjana Merkezi Aziýa ýurtlaryndan jemi 162 106 jahankeşde syýahat edipdir.