Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýede Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Ylmy-barlag merkeziniň maslahaty geçirildi

Noýabr 07, 2025 | 22:20 |108929
7-nji noýabrda Ankara şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda hereket edýän Ylmy-barlag merkezinde maslahat geçirildi7-nji noýabrda Ankara şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda hereket edýän Ylmy-barlag merkezinde maslahat geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan berlen

7-nji noýabrda Ankara şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda hereket edýän Ylmy-barlag merkezinde maslahat geçirildi.

Geçirilen çärede Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenýän belli alymlar, edebiýatçylar, ylmy-barlag işgärleri, şeýle hem Türkiýäniň ylmy we medeni jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

07112025-Ankara-zasedaniya-Magtymguly-1.jpg

Maslahatyň dowamynda Merkeziň 2024-2025-nji ýyllarda amala aşyran ylmy-barlag işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem gelejekki işleriň ugurlary, şol sanda bilelikdäki ylmy-barlaglaryň geçirilmegi, täze ylmy işleri neşir etmek hem-de Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan halkara maslahatlarynyň guralmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäreniň çäklerinde, Türkiýede neşir edilen we Magtymguly Pyragynyň ömrüne, pelsepewi garaýyşlaryna hem-de döredijilik mirasyna bagyşlanan kitaplaryň we ylmy makalalaryň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. Bu neşirleriň Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge hem-de türkmen medeniýetini halkara giňişliginde beýan etmäge uly goşant goşandy nygtaldy.

07112025-Ankara-zasedaniya-Magtymguly-2.jpg

Şeýle hem, geçirilen maslahatyň Türkmenistanyň taryhynyň aýratyn döwründe - Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň we ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilýändigi hem bellenildi.

Bu şanly seneler Türkmenistanyň parahatçylyk, dost-doganlyk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, bu ýörelgeleriň hem Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer pikirleri bilen, hem-de Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bilen doly sazlaşýandygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026