HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BSGG we Türkmenistan respirator ýokanç keselleriniň tiz ýaýramagyna garşy taýýarlygy güýçlendirýär

Noýabr 06, 2025 | 21:45 |41795
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky Ýurt edarasy ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wirusologiýa barlaghanalarynyň hünärmenleri üçin hünärderejelerini ýokarlandyrmak üçin üç günlük okuwlary geçirdiBütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky Ýurt edarasy ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wirusologiýa barlaghanalarynyň hünärmenleri üçin hünärderejelerini ýokarlandyrmak üçin üç günlük okuwlary geçirdi
Çeşme: BSGG-nyň Türkmenistandaky edarasy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky Ýurt edarasy ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wirusologiýa barlaghanalarynyň hünärmenleri üçin hünärderejelerini ýokarlandyrmak üçin üç günlük okuwlary geçirdi.

Okuw gripp we beýleki ýiti respirator ýokanç keselleriniň (ÝDYÝ / ARI) mümkin bolan ýaýramalaryny ýüze çykarmakda we olara jogap berilmegi çaltlandyrmakda milli kuwwaty pugtalandyrmaga gönükdirildi.

Okuw Polimeraz zynjyry reaksiýasy (PZR / PCR) boýunça döwrebap anyklaýyş usullaryny özleşdirmäge gönükdirildi. Bu usul ýokançlaryň tiz we takyk kesgitlenmegi üçin möhüm bolup, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda möhüm bolup durýar.

Okuw Aşgabatdaky jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde geçdi we Aşgabatdan, Arkadag şäherinden hem-de Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan sanitariýa-epidemiologiýa gulluklarynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Bu başlangyç BSGG tarapyndan Türkmenistanyň hökümetini goldamak boýunça uzak möhletleýin strategiýanyň bir bölegidir. Strategiýa milli barlaghana ulgamyny berkitmäge, gripp we respirator ýokanç keselleri boýunça epidemiologiki gözegçiligi kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň pandemiýa howplaryna garşy taýýarlygyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Üç günlük okuw nazary bilimleri hem-de PZR boýunça amaly sapaklary öz içine aldy, bu bolsa gatnaşyjylara alnan bilimleri dessine gündelik barlaghana işinde ulanmak mümkinçiligini berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026