HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDBGI-niň mugallymlary Türkmenstanyň hormatly Prezidentiniň sowgady bilen sylaglandy

Noýabr 06, 2025 | 12:05 |43536
3-nji noýabrda, ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynda ýokary netijeleri gazanan işgärler bilen birlikde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň birnäçe mugallymy hem Türkmenstanyň hormatly Prezidentiniň sowgady bilen sylaglandylar3-nji noýabrda, ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynda ýokary netijeleri gazanan işgärler bilen birlikde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň birnäçe mugallymy hem Türkmenstanyň hormatly Prezidentiniň sowgady bilen sylaglandylar
Çeşme: Awtor tarapyndan berlen

3-nji noýabrda, ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynda ýokary netijeleri gazanan işgärler bilen birlikde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň birnäçe mugallymy hem Türkmenstanyň hormatly Prezidentiniň sowgady bilen sylaglandylar.

Olar “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty Ýolly Myradow, “Binagärlik” kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Äşe Gubaýewa, “Gurluşyk materiallary” kafedrasynyň uly mugallymy Baýramaly Serdarow, “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy Şirmuhammet Jepbarow.

Bu ýokary sylaglar ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine goşan mynasyp goşandy, şeýle hem ýaşlara berilýän döwrebap ylym-bilim terbiýesiniň döwlet derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň beýany boldy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 3–4-nji noýabry aralygynda geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergisi we maslahaty hem ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm wakalarynyň biri boldy.

Ak mermerli Aşgabat şäheri, döwrebap welaýat merkezleri, şeýle hem Merkezi Aziýada ilkinji “akylly şäher” bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy häzirki zaman türkmen binagärliginiň ösüş derejesiniň beýanydyr. Milli binagärlik däpleriniň dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy ýurdumyzyň gurluşyk mekdebiniň ýokary hünär derejesini görkezýär.

Amanmyrat ARAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026