HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda nemes dili boýunça Goethe-Institutynyň synaglary geçirilýär

Noýabr 07, 2025 | 19:15 |67039
Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda geçiriljek nemes dili boýunça Goethe-Institutynyň synaglary barada habar berýär.Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda geçiriljek nemes dili boýunça Goethe-Institutynyň synaglary barada habar berýär.
Çeşme: ulsmart.ru

Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda geçiriljek nemes dili boýunça Goethe-Institutynyň synaglary barada habar berýär. Synaglar nemes dilini bilmek derejesini tassyklaýan halkara şahadatnamalaryny (A1, A2, B1, B2 we C1) almak üçin niýetlenendir.

Habar berlişine görä, gatnaşmak üçin hasaba alynyşyk 2025-nji ýylyň 7-11-nji noýabry aralygynda Gazagystandaky Goethe-Institutynyň resmi web sahypasynda amala aşyrylýar. Hasaba alnandan soň, gatnaşyjylara töleg geçirmek üçin hasap goýberiler we ony 48 sagadyň dowamynda bank üsti bilen tölemeli bolar.

Synaglar aşakdaky senelerde geçirilýär:

A1 — 21 we 22-nji noýabr;

A2 — 23, 26 we 27-nji noýabr;

B1 — 24 we 25-nji noýabr;

B1 Jugendliche ( ýetginjekler üçin) — 28-nji noýabr;

B2 — 26 we 27-nji noýabr;

C1 — 28-nji noýabr.

Gatnaşygy kepillendirmek üçin öňünden hasaba durmak maslahat berilýär. Hasaba durmak we talaplar baradaky giňişleýin maglumat Goethe-Institutynyň web sahypasynda elýeterlidir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026