

Türkmen teatry “Awara” – 25 ýyl
Teatr we kino aktýory, Türkmenistanyň halk artisti Anna Mele üçin 2022-nji ýyl goşa şanly senä beslenýär – ýanwar aýynda onuň 60 ýaşy doldy, maý aýynda bolsa bir aktýorly türkmen teatry “Awara”-nyň açylanyna – 25 ýyl.


Teatr we kino aktýory, Türkmenistanyň halk artisti Anna Mele üçin 2022-nji ýyl goşa şanly senä beslenýär – ýanwar aýynda onuň 60 ýaşy doldy, maý aýynda bolsa bir aktýorly türkmen teatry “Awara”-nyň açylanyna – 25 ýyl.


Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, RF-niň Hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin we RF-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler.


Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumy geçirilýär.


Çarşenbe güni, 11-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda dellallar suwuklandyrylan türkmen gazy üçin $ 520,80 teklip etdi diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär. Önümiň bahasy öňki söwdalar bilen deňeşdirilende 5,4% ýokarlandy.


Aşgabat Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň birinji Parlamentara forumyny kabul edýär. Çarşenbe güni paýtagtymyza daşary ýurtlaryň uly wekilýetleri geldiler, olaryň käbiri eýýäm birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.


Çarşenbe güni, 11-nji maýda Aşgabadyň Kubogy ugrunda futbol ýaryşynyň çäklerinde iki oýun geçirildi. Netijede, “Altyn Asyr” “Ahalyň” ýaşlar düzümini 3:1 hasabynda ýeňdi, “Aşgabat” we “Köpetdag” bolsa bir-biregiň derwezesine bir pokgiden geçirip, deň oýnadylar.


Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň baştutany Rustam Emomali iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler diýip, Täjigistanyň parlamentiniň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmensiatnyň Prezidentiniň kararlaryna laýyklykda, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralykdaky döwürde hereket ediş möhleti tamamlanan ýa-da tamamlanýan daşary ýurt pasportlarynyň türkmen raýatlary üçin hereket ediş möhleti 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylýar.


Türkmenistandan Azerbaýjana we soňra energiýa serişdeleriniň üstaşyr Ýewropa iberiljek Hazarüsti gaz geçirijisiuniň togtadylan gurluşyk taslamasy täzeden ünsi çekip biler.


Ysraýylyň Türkmenistandaky täze ilçisi Bet-Iden Kaýt hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşyk sişenbe güni, 10-njy maýda geçirildi.


Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Gurbanow Yspyhan welaýatynda geçirilen Halkara surat festiwalynyň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamagyň jemleýji dabarasyna gatnaşdy.


Türkmenistanyň wekilleri Tatarystanyň paýtagtynda 19-21-nji maý aralygynda guraljak “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” atly XIII Halkara ykdysady sammitine gatnaşar diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.


Aşgabatda 16-njy maýdan 27-nji maý aralygynda “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty tapgyrlaýyn geçiriler.


Şu gün oýunlaryň ikisiniň geçirilmegi bilen Aşgabadyň Kubogy ugrunda futbol ýaryşyna badalga berildi. Birinji tapgyryň ilkinji oýnunda “Altyn Asyr” uly hasap bilen “Aşgabady” ýeňdi – 5:2. Beýleki duşuşykda “Köpetdag” “Ahalyň” ýaşlar düzüminden 2:0 hasabynda üstün çykdy.


Çarşenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň ilkinji Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berýär.