HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabadyň Kubogy ugrunda futbol ýaryşynyň iki tapgyryndan soň, “Altyn Asyr” öňde

Maý 14, 2022 | 00:31 |6381
Çarşenbe güni, 11-nji maýda Aşgabadyň Kubogy ugrunda futbol ýaryşynyň çäklerinde iki oýun geçirildi. Netijede, “Altyn Asyr” “Ahalyň” ýaşlar düzümini 3:1 hasabynda ýeňdi, “Aşgabat” we “Köpetdag” bolsa bir-biregiň derwezesine bir pokgiden geçirip, deň oýnadylar.Çarşenbe güni, 11-nji maýda Aşgabadyň Kubogy ugrunda futbol ýaryşynyň çäklerinde iki oýun geçirildi. Netijede, “Altyn Asyr” “Ahalyň” ýaşlar düzümini 3:1 hasabynda ýeňdi, “Aşgabat” we “Köpetdag” bolsa bir-biregiň derwezesine bir pokgiden geçirip, deň oýnadylar.
Çeşme:

Çarşenbe güni, 11-nji maýda Aşgabadyň Kubogy ugrunda futbol ýaryşynyň çäklerinde iki oýun geçirildi. Netijede, “Altyn Asyr” “Ahalyň” ýaşlar düzümini 3:1 hasabynda ýeňdi, “Aşgabat” we “Köpetdag” bolsa bir-biregiň derwezesine bir pokgiden geçirip, deň oýnadylar.

Iki tapgyrdan soň, “Altyn Asyr” futbol topary ýaryş tertipnamasynda 6 utugy bilen öňdeligi eýeleýär. Onuň yzýanynda barýan “Köpetdag” 2 utuk aşakda, “Aşgabadyň” oýunçylary bir utuk bilen 3-nji orny eýeleýär.

Aşgabadyň Kubogy ugrunda futbol ýaryşynyň üçünji tapgyrynyň duşuşyklary 13-nji maýda geçiriler: “Ahal II” “Aşgabat” bilen, “Köpetdag” bolsa “Altyn Asyryň” öňdeligine bäs gelmäge synanyşar.

Kubok ugrunda ýaryşa gatnaşýan toparlaryň ýaryşyň deslapky tapgyrynda iki aýlaw oýun geçirjekdiklerini ýatladýarys. Şol oýunlaryň netijeleri boýunça ilkinji iki orny eýelän toparlar ýaryşyň finalynda duşuşarlar. Beýleki iki topar hormat münberiniň üçünji basgançagyna mynasyp bolmak ugrundaky duşuşykda güýçlini mälim eder.

Aşgabadyň Kubogy ugrunda futbol ýaryşynyň hemme oýunlaryna paýtagtymyzyň eminler topary tarapyndan hyzmat edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

20:00 Oktýabr 07, 2026
Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

18:00 Oktýabr 07, 2026
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda milli mirasymyza bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda milli mirasymyza bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

17:46 Oktýabr 07, 2026