Russiýanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutladylar


Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, RF-niň Hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin we RF-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler.
Russiýanyň ýolbaşçylaryndan hormatly Prezidentimiziň adyna gelen telegrammalar şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edildi. Bu bolsa Türkmenistandan tarapyndan geçirilmeginiň başy başlanylan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň açylan güni bilen gabat geldi.
Putin gutladynda türkmenistanlylaryň we russiýalylaryň ýaş nesilleriniň öz ata-babalarynyň hakydasyna mynasyp boljakdyklaryna, olardan miras galan dostluk we özara kömek bermek däplerini gorap saklap, berkitjekdiklerine ynam bildirdi.
Mişustin telegrammasynda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda emele gelen dostluk däpleriniň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirýändigini belledi.
Medwedew Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň öňden gelýän dostluk we özara kömek bermek däpleriniň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildiridi.
Şeýle hem şu gün resmi türkmen metbugatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 9-njy maý mynasybetli Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň gutlag haty çap edildi. Paşinýan hatynda Beýik Ýeňiş baradaky hakydanyň miras galan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ermeni-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge borçlandyrýandygyny belledi.
ORIENT news








