Türkmen teatry “Awara” – 25 ýyl


Teatr we kino aktýory, Türkmenistanyň halk artisti Anna Mele üçin 2022-nji ýyl goşa şanly senä beslenýär – ýanwar aýynda onuň 60 ýaşy doldy, maý aýynda bolsa bir aktýorly türkmen teatry “Awara”-nyň açylanyna – 25 ýyl. Onuň özi indi çärýek asyr bäri bu teatryň esaslandyryjysy we aktýorydyr.
Şekspiriň eseri boýunça “Korol Lir” türkmen dilinde goýlan ilkinji monospektakl boldy. Şonda ähli keşpleri diňe Anna Mele ýerine ýetirdi. Onuň çykyşlary dünýäniň ençeme teatr sahnalarynda üstünlikli geçdi, ajaýyp aktýorçylyk oýny üçin ol köpsanly halkara baýraklaryna hem-de sylaglaryna mynasyp boldy.

Aktýor ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri örän köp keşpleri ýerine ýetirdi, birnäçe teatr we kino işlerini görkezdi hem-de täze keşpleri we gahrymanlary bilen öz çykyşlarynyň hataryny barha artdyrýar.
– Meniň öňden gelýän arzuwym bar, şol arzuwyma ýetmek üçin men indi köp ýyllardan bäri yhlas edýärin. Ol arzuw – Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde gurulýan täze drama teatrynyň uly sahnasynda çykyş etmek. Teatryň gurluşygy häzir tamamlaýjy tapgyrda barýar. Men ýazyjymyz Gowşutgeldi Daňatarowyň eseri boýunça “Çyragym” diýen monospektaklyň ilkinji görkezilişini halka hödürlemek isleýärin. Sahna eseri akyldar şahyrymyz Beýik Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanýar. Onuň ilkinji görkezilişi şu ýylyň dekabrynda, Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda meýilleşdirilýär – diýip, Anna Mele gürrüň berdi.

Aktyor teatrda işlemeginden başga-da, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň taslamalaryna-da işjeň gatnaşýar we häzirki wagt “Hüýrlukga-Hemra” atly täze çeper filmde surata düşýär.
– Kinorežissýor Myrat Öwezow maňa surata düşürilip başlanan mistiki filmde baş gahrymanlaryň biriniň keşbini ýerine ýetirmegi teklip etdi. Elbetde, gahryman ýaramaz häsiýetli – şeýle keşpleriň ýerine ýetirilmegi mende has oňat çykýar – diýip, aktýor gülüp aýdýar.

Anna Mele hemişe döredijiligiň we täzeçilligiň gözleginde. Häzir ol özüniň hem bile işdeşi, hem durmuşda ýanýoldaşy bolan režissýor Urmatkan Meläýewa bilen bilelikdäki taslamanyň üstünde işleýär.

– Maňa bir däl, iki däl, üçem bagtyýarlyk ýar boldy – sebäbi, diňe bir zenan meniň üçin dost, bile işdeş ýoldaşym, söýgüli aýalym hem-de meniň ekiz ogullarymyň ejesi boldy. Ýogsa-da, şu ýyl ekizlerimiň 18 ýaşy dolýar. Bu bolsa biziň maşgalamyz üçin şanly senelere baý bolan şu 2022-nji ýylda ýene-de bir möhüm wakadyr – diýip, Anna Mele belledi.
Gulýa GELDIÝEWA








