HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Täjigistan parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy ylalaşdylar

Maý 14, 2022 | 00:22 |9536
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň baştutany Rustam Emomali iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler diýip, Täjigistanyň parlamentiniň metbugat gullugy habar berýär.Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň baştutany Rustam Emomali iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler diýip, Täjigistanyň parlamentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme:

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň baştutany Rustam Emomali iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler diýip, Täjigistanyň parlamentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gol çekişlik Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň çäklerinde geçirildi.

Rustam Emomali çärede çykyş edip, milli parlamentleriň “Merkezi Aziýa – Russiýa” görnüşinde hyzmatdaşlyk etmeginiň uly ähmiýete eýedigini hem-de ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Soňra Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Hökümetara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň hasabyna ykdysady aragatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirdiler.

Medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen, 2022-2023-nji ýyllarda Täjigistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini guramak we geçirmek teklip edildi.

Rustam Emomali Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi sapar bilen Täjigistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk kabul edildi diýlip, Täjigistanyň parlamentiniň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

23:30 Oktýabr 05, 2026
Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

23:03 Oktýabr 05, 2026
Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

22:00 Oktýabr 05, 2026