Aşgabat Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň 1-nji Parlamentara forumyna gatnaşyjylary garşylaýar


Aşgabat Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň birinji Parlamentara forumyny kabul edýär. Çarşenbe güni paýtagtymyza daşary ýurtlaryň uly wekilýetleri geldiler, olaryň käbiri eýýäm birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Agşamara bolsa wekilýetleriň agzalary Türkmenistanyň Baş drama teatryna “Ömür daragty” spektaklyna tomaşa etmäge çagyryldy.
12-nji maýda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň kanunçykaryjy hem-de wekilçilikli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri uly duşuşyk geçirerler. Onuň gün tertibinde üýtgäp durýan dünýäniň meselelerini çözmekde milli parlamentleriň eýeleýän orny baradaky tema durýar. Ol çärä gatnaşyjy döwletler üçin umumy bolan beýik baýramyň – Ýeňiş gününiň birnäçe gün yzýany hem-de Türkmenistanyň milli baýramynyň – Konstitusiýa we Döwlet Baýdagynyň gününiň öňýanynda geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Parlamentara forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Şol Gutlag türkmen teleradioýaýlymlarynyň resmi täzelikleriniň agşamky göýberilişinde halka ýetirildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine hem-de daşary syýasat ýörelgesine laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistan halkara parlament guramalarynyň we assambleýalarynyň, parlamentara dostluk toparlarynyň işlerine hem-de bu ugur boýunça bilelikdäki çäreleriň guralmagyna gatnaşyp, halkara gatnaşyklarynda “Dialog—parahatçylygyň kepili” hökmünde kesgitlenen filosofiýasyna eýerýär.
Hormatly Prezidentimiz “Merkezi Aziýa – Russiýa Federasiýasy” görnüşindäki parlamentara forumynyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däp bolan dostlukly gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
“Türkmen halky dostluga we doganlyga, parahatçylyga we halklaryň jebisligine belent sarpa goýýar. Ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyndan gözbaş alýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň gatnaşyklarynyň pugta esasydyr. Biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy kökler, hakyky hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar” diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda aýdylýar.
Parlamentara forumyň çäklerinde 13-nji maýda “Merkezi Aziýa – Russiýa” Zenanlaryň dialogy geçiriler, ol sebitleýin özara hereketleri ösdürmäge, halklaryň arasynda ynanyşmak we dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, gender deňliginiň we aýallaryň hukuklarynyň goldanylmagyna gönükdirilendir. Çärä gatnaşyjylar telekeçilik işlerinde, maglumat tehnologiýalarynyň we sanlylaşdyrmagyň ösdürilmeginde zenanlaryň eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýärler.
ORIENT news








