

Türkmenistanyň ýolbaşçylary BAE-niň täze Prezidentiniň saýlanmagy bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň adyna onuň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.




















