HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Matwiýenko Putiniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini Russiýa gelmäge çagyrdy

Maý 14, 2022 | 00:53 |11409
Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putinden salam we sapar bilen Russiýa gelmek baradaky çakylygyň tassyklanmasyny ýetirdi.Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putinden salam we sapar bilen Russiýa gelmek baradaky çakylygyň tassyklanmasyny ýetirdi.
Çeşme:

Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putinden salam we sapar bilen Russiýa gelmek baradaky çakylygyň tassyklanmasyny ýetirdi.

Şeýle hem Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy söhbetdeşini döwlet Baştutanynyň wezipesine saýlanmagy bilen gutlady.

Walentina Matwiýenko Russiýanyň wekiliýetiniň ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda Türkmenistana gelmeginiň ähmiýetli wakadygyny belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara hormat goýmagyň, özara bahbitliligiň, däbe öwürlen dostlukly aragatnayklaryň esasynda ähli ugurlarda yzygiderli ösdürilýär diýip, Russiýanyň sebitler palatasynyň baştutany belledi.

2021-nji ýylda özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň biraz peselendigi bellige alynsa-da, emma, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ol 74% ýokarlandy diýip, Matwiýenko nygtady. Onuň sözlerine görä, Russiýanyň sebitleri hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýär.

Walentina Matwiýenko Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň ilkinji Parlamentara forumynyň ýokary derejede guralandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, sekretariatyny Aşgabatda ýerleşdirmek bilen, bu çärä yzygiderlilik häsiýetini bermek baradaky başlangyç goldanyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow diplomatik aragatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri geçen otuz ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Şeýle hem ol parlamentara gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň wajypdygy barada aýtdy.

Гурбангулы Бердымухамедов 12 мая в Ашхабаде вручил председателю Совета Федерации Валентине Матвиенко орден

Türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň – Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji maýda Aşgabatda Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenka “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen ordeni gowurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sylagy gowşurmak baradaky Permana gol çekdi.

Şeýle hem dabarada Gurbanguly Berdimuhamedowy GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň “MPA SNG. 30 ýyl” diýen ýubileý medaly bilen sylagladylar. Walentina Matwiýenko Aşgabatda 12-nji maýda geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň ýokary derejede guralandygy üçin Halk Maslahatynyň Başlygyna minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026