HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabadyň şäher awtobuslaryndaky gatnaw üçin indi bank karty bilen hem töläp bolar

Maý 14, 2022 | 22:27 |23690
Paýtagtymyzyň jemgyýetçilik ulaglarynda gatnawlar üçin indi Türkmenistanyň ähli banklarynyň “Altyn asyr” we “Maşgala” kartlary arkaly töleg geçirip bolar. Täze hyzmaty “Türkmenawtoulaglary” agentligi işe girizdi.Paýtagtymyzyň jemgyýetçilik ulaglarynda gatnawlar üçin indi Türkmenistanyň ähli banklarynyň “Altyn asyr” we “Maşgala” kartlary arkaly töleg geçirip bolar. Täze hyzmaty “Türkmenawtoulaglary” agentligi işe girizdi.
Çeşme:

Paýtagtymyzyň jemgyýetçilik ulaglarynda gatnawlar üçin indi Türkmenistanyň ähli banklarynyň “Altyn asyr” we “Maşgala” kartlary arkaly töleg geçirip bolar. Täze hyzmaty “Türkmenawtoulaglary” agentligi işe girizdi.

Hyzmat ähli şäher awtobuslarynda elýeterlidir – ýolagçylar galtaşyksyz tölegi kabul edýän NFC plastik kartlary ulagyň öňdäki gapysynyň ýanynda ornaşdyrylan enjama (walidatora) degrip, töläp bilerler. Işleýän bank kartynyň hasabynda pul serişdeleriniň ýeterlik möçberi (bir gatnaw üçin kesgitlenen nyrhdan az bolmadyk) bolmalydyr.

Taslama ulag ulgamyny sanlylaşdyrmak we ýurdumyzyň ilatyna hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak baradaky maksatnamanyň çäklerinde işe girizildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026