“Täze saba” HJ Türkmenistanda diş çotgalarynyň önümçiligini giňeldýär


“Täze saba” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda diş çotgalaryny öndürjek täze kärhanany açmaga taýýarlanýar diýip, ORIENT-e Hojalyk jemgyýetinde habar berdiler.
Kompaniýanyň ýaşdygyna garamazdan, onda ykdysady, ukyp-başarnyk we täzeçil çemeleşmek babatda hemmetaraplaýyn ösen agzybir topar jemlendi. CV Dent diş çotgalaryny öndürmek boýunça täze innowasion we Merkezi Aziýada ilkinji zawodyň gurulmagy onuň işiniň netijeleri bolup durýar.

Desganyň bahasy 22 million manada deňdir. Ol “Ýüpek ýol harytlary” HJ tarapyndan 0,5 gektar meýdanda çylşyrymly tehnikalaryň hem-de enjamlaryň, köpsanly now-haularyň ulanylmagy bilen guruldy we dürli tehnologik gurnamalaryň toplumynyň utgaşykly işlemegini üpjün edýär.
Kärhanada täze iş orunlarynyň 34-si döredilip, geljekde onuň möçberini 100-e çenli artdyrmak bilen Gökdepe etrabynyň ýaşlaryny işe çekmek mümkinçiligi bar. Bu bolsa işe ýerleşmek boýunça Türkmenistanyň ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berer.
Desganyň önümçilik kuwwatlylygy bir ýylda diş çotgalarynyň 5 million sanysyny öndürmäge barabardyr, geljekde onuň önümçiligini ýylda 22 million sana çenli giňeldip bolar. Kärhana tarapyndan doly bolmadyk iş ýylynda diş çotgalarynyň 4,2 million sanysy öndürildi, olaryň 2,6 milliony daşary ýurtlara eksport edildi, 1,6 million sanysy bolsa içerki bazarda ýerlenildi.

“Täze saba” HJ Türkmenistanyň çäklerinde her aýda diş çotgalarynyň 150 müňüsini satýar. Diş çotgalary agyry dörediji bakteriýalaryň köpelmegini aradan aýyrýan polimer serişdelerden taýýarlanylandyr. Kärhananyň taýýar önüminiň bahasy ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän şunuň ýaly önümleriň bahasyndan 10 esse arzandyr.
Bu önüm taýýarlanylanda kompaniýanyň agzybir işgärleri tarapyndan çig mallary iberijiler “Täze saba” HJ-niň ähli ugurlary hem-de talaplary boýunça düýpli seljerilýär. Çig maly esasy iberijileri ýurdumyzyň polipropilen öndürjisi bolan Gyýanlydaky polimer zawodydyr we Italiýanyň neýlon sapaklaryny öndürjisi bolup durýar.

Önümçilik iň täze programma üpçünçiliginiň ulanylmagy arkaly doly awtomatlaşdyrylandyr, çünki diş çotgalary zawodda arassaçylygyň üpjün edilmegini talap edýän gigiýena önümi bolup durýar. Awstriýanyň we Germaniýanyň önümçilik enjamlary dişleriň sagdynlygyna seretmäge niýetlenilen serişdeleriň her günde ýigrimi bäş müňe çenlisiniň öndürilmegini üpjün edýär.
– Ähli söwda nokatlarynda biziň önümlerimizi mahabatlandyrmak hem-de satmak üçin CV Dent söwda nyşanymyzyň ýörite tekjeleri üpjün edildi—diýip, kärhananyň baş direktory, Türkmensitanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Nazar Ýazgylyjow gürrüň berdi.
– Biz önümlerimiziň 250 müňe çenlisini her aýda Birleşen Arap Emirliklerine, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Özbegistana, Azerbaýjana, Owganystana, Belarusa we Türkiýa eksport edýäris. Bu diňe başlangyjydyr. Şu ýylyň başynda biziň agzybir toparymyz barlaglary geçirýän TÜV Thüringen diýen nemes kompaniýasyndan halkara ölçegli (ISO 9001-2015, ISO 14001-2015 we ISO 45001-2018) sertifikatlary mynasyp gorady we aldy. Munuň özi bize öndürýän önümlerimizi “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşan bilen Ýewropa ýurtlaryna hem-de ABŞ-a eksport etmäge mümkinçilik berýär.

– Ýakyn geljekde biz tutuş sebiti öz önümlermiz bilen üpjün etmegi maksat edinýäris, munuň üçin bolsa diş çotgalarynyň, şol sanda çagalara niýetlenilen çotgalaryň ýene-de ençeme nusgalarynyň önümçiligini özleşdirmek, ýörite diş pastalaryny we beýleki önümlerini öndürmek garaşýar—diýip, kompaniýanyň Baş direktory belleýär.
ORIENT news








