Awaza gitmegiň onlaýn arklay resminamalarynyň düzedilişi – düzgün


15-nji maýda Hazaryň türkmen kenaryndaky “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi resmi taýdan başlanýar. Syýahatçylyga ugramak üçin dynç aljaklara birnäçe amallary, şol sanda onlaýn arkaly işleri geçmek zerur bolar. ORIENT nähili geçilýändigini gürrüň berýär.
Bilmek üçin möhüm Awaza gitmegiň düzgüni üýtgäp biler. Eger şeýle bolsa, biziň ýetirýän habarlarymyza üýtgetme giriziler. Häzirki düzgün 2022-nji ýylyň 14-nji maýyndaky ýagdaýa görä güýjünde.
Zerur resminamalar
Awaza dynç almaga ugramak üçin Siz:
– pasportyň;
– syýahatçylyk ýollanmanyň
-nyny;
– COVID-19-a garşy sanjym edilendigi barada şahadatnamanyň
elektron nusgalaryny görkezmeli bolarsyňyz.
Awaza gitmek üçin syýahatçylyk ýollanmasyny iş ýeriňizde kärdeşler arkalaşygy bölümine ýüz tutup ýa-da syýahatçylyk agentliginiň üsti bilen alyp bolar.
COVID-19-a garşy sanjym edilendigi barada şahadatnamalar sanjym alan saglygy goraýyş edaralaryňyzda berilýär.
Myhmanhanada otagy öňünden belläp buýurmak
Awazanyň islendik myhmanhanalaryndan otagy awaza.gov.tm diýen saýtdan öňünden belläp buýrup bolar. Munuň üçin:
– telefon belgiňi, elektron salgyňy görkezip, saýtda bellige girmeli;
– saýtyň baş sahypasyndan gözlegiň kömegi bilen gerekli myhmanhanaňy tapmaly;
– özüň barada hem-de myhmanhanada bolmagy maksat edinýän wagtyň barada gerekli maglumatlary doldurmaly.
Şeýle hem Awazanyň käbir myhmanhalarynda olaryň öz resmi saýtlaryndan, mysal üçin, “Bagtyýar” myhmanhanasynda saýtyndan otagy öňünden belläp buýrup bolar.
Elektron rugsatnamanyň resmileşdirilmegi
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň saýtynda Awaza gidip-gelmek üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmek zerurdyr. Munuň üçin:
– şu salga giriň;
– bellikde duruň ýa-da “şahsy otaga” giriň;
– saýtyň ýokarsynda çep tarapda “şahsy maglumatlary girizmek+” («Ввод персональной информации +») diýen ýaşyl düwmejige basyp, özüň baradaky maglumatlary ýaz;
– dynç aljak bolýan myhmanhanaňyz we dynç alyş döwrüňiziň senesi baradaky maglumatlary girizeniňizden soň, “Awazada dynç almak üçin rugsatnamany resmileşdirmäge arza bermek” diýen düwmäni basyň.
Migrasiýa gullugy Siziň beren maglumatlaryňyzy seljerer hem-de “şahsy otagyňyza” elektron rugsatnamany ugradyp, bu barada bellige gireniňizde görkezen telefon belgiňize SMS arkaly habar berer.
Uçara petek satyn almak
Uçara petegi “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi saýty hem-de Android üçin we iOS üçin diýen mobil goşundylar arkaly ýa-da Google Play we App Store-dan hem Saray mobil goşundysy arkaly satyn alyp bolar.
Petek satyn almak üçin Size zerur pul möçberi bolan bank kartyňyz hem-de SMS-habarlar ulgamyna birikdirilmegiňiz gerek. Petek resmileşdirilende pasport maglumatlaryny dogry görkezmek möhümdir.
ORIENT








