HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-da söwdalar: STG we tüýjümek önümleri satyn almaga geleşikler baglaşyldy

Maý 16, 2022 | 06:42 |8815
Şenbe güni, 14-nji maýda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda  suwuklandyrylan gazy we boýalan tüýjümek önümleri satyn almak üçin daşary söwda geleşikleri baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Şenbe güni, 14-nji maýda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda  suwuklandyrylan gazy we boýalan tüýjümek önümleri satyn almak üçin daşary söwda geleşikleri baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Şenbe güni, 14-nji maýda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda suwuklandyrylan gazy we boýalan tüýjümek önümleri satyn almak üçin daşary söwda geleşikleri baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystandan gelen telekeçiler türkmen STG-y üçin $ 471 teklip etdi, netijede onuň biržadaky bahasy öňki söwdalar bilen deňeşdirilende, 9,4% peseldi. Ylalaşygyň çäklerinde $ 2,3 million suwuklandyrylan gazyň 5 müň tonnasy satyn alyndy.

Gyrgyzystandan gelen telekeçiler söwdalarda $ 154 müň dürli ölçegdäki boýalan aram öwüşginli tüýjümek önümleri satyn aldylar.

Duşenbe güni (16-njy maýda) söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgydaky saýtynda tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumy boýunça söwdalar duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026