

BAE “COP28” maslahaty mynasybetli täze pul çykardy
Polimer banknotynyň arka ýüzünde Dubaýyň ajaýyp “Emirates Towers” we “Burj Halifa” binalarynyň şekilleri bar.


Polimer banknotynyň arka ýüzünde Dubaýyň ajaýyp “Emirates Towers” we “Burj Halifa” binalarynyň şekilleri bar.


27-30-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy we söwdany goramak çäreleri barada seminar geçirildi.


GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy 26-njy dekabrda Sankt-Peterburgda geçiriler. Muny GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew habar etdi.


Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýyl 11,6% ýokarlandy. Rus-türkmen işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Mihail Rumýantsew - bu ägirt uly üstünlik diýip, belledi. Onuň sözlerine görä, bu görkezijiniň ösmegine Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan Russiýanyň dürli sebitlerine ýük daşalşynyň 125,8% ýokarlanmagy täsir edýär we bu görkezijini ýokarlandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bardyr. Ol bu barada Russiýanyň G.W. Plehanow adyndaky Ykdysadyýet uniwersiteti tarapyndan gurnalan 4-nji Halkara daşary ykdysady forumda Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesine bagyşlanan "Işewürlik üçin kynçylyklar we çözgütler: başarnyklaryň sinergiýasy"-da çykyş etdi. Bu barada “RŽD-hyzmatdaş” ýazýar.


Türkmen küşt oýunçylary Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilýän 20 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlarynyň arasyndaky Günbatar Aziýa çempionatynyň ilkinji oýun güni (29-njy noýabr) bir kümüş we bürünç medal gazandy.


Türkiýede jemi orun sany 1 milliondan geçýän myhmanhanlar syýahatçylygyň durnukly talaplaryna laýyk gelýändigi barada şahadatnama we tassyknama aldy.


Türkmenistan Bunker ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakynda halkara Konwensiýa goşuldy.


Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Seýitnaza Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Aşagabat we Arkadag şäherleriniň bilim edaralarynyň 223 mugallymy Russiýanyň Naberežnyýe Çelny Döwlet pedagogika uniwersiteti tarapyndan guralan hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdylar.


29-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda içerki we daşarky bazara nebithimiýa, oba hojalygyň, ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy.


2023-nji ýylda Hytaýyň dünýäde iň iri awtoulag eksportçysy bolmagyna garaşylýar diýip, China daily habar berýär.


Dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda Aýaz baba lybasynda geýnen ýol gözegçisi dowamly ulag dyknyşygy bilen tanalýan Filippinleriň paýtagty Manilada ulaglary ýol hereketini kadalaşdyrýar.


Günorta Koreýanyň BTS- RM toparynyň dört agzasy (Kim Namjun), Çimin, Wi (ol Kim Tehýen) we Çonguk - harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge başladylar. BIGHIT MUSIC agentligi bu habary “Weverse” platformasyndaky resmi beýanynda tassyklady.


Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman Aşgabatda kuraş boýunça dünýä çempionatynyň nusgalyk derejede geçirilendigni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýollan hatynda belledi.


“Hökümetara toparyň mejlisiniň ahyrynda degişli Teswirnama we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça beýleki resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ähli ugurlardaky özara gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny görkezýär” diýlip, hatda bellenýär.


Halkara sergiler býurosy 2030-njy ýylda Bütindünýä sergisiniň Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçiriljedigini yglan etdi.